Ençeme ýyllardan bäri ýurdumyzda däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy» atly şygar astynda geçirilýän biraýlygyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda netijeli çärelere beslenýändigi örän guwandyrýar. Şu günlerde Daşoguz welaýatynyň dürli ýerlerinde giň gerime eýe bolan duşuşyklarda, maslahatlarda, okuw sapaklarynda ýol hereketiniň düzgünleriniň pugta berjaý edilmegini ündeýän gürrüňler, özara pikir alyşmalar hemmeleriň ünsüni çekýär. Olarda polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň edýän çykyşlarynda biraýlygyň maksatlary anyk düşündirilip, örän uly ähmiýetiniň bardygy nygtalýar.
Belli bolşy ýaly, her bir ýaramaz hadysanyň ýetiren zyýanyny düzetmekden onuň öňüni almak has amatly hem-de peýdaly bolýar. Munuň ýol hereketi barada hem şeýledigini aýtmak bolar. Sebäbi onda ýüze çykan ýol-ulag hadysasy diňe bir oňa duçar bolan adamyň däl, eýsem, onuň dogan-garyndaşlaryny, dost-ýarlaryny hem agyr ýagdaýa salýar. Şonuň üçin-de ýola çykan her bir adamyň sag-salamat öz menziline ýetmegi şeýle möhüm waka öwrülýär. Bu bolsa biziň hemmämiziň ýol hereketiniň talaplaryny doly berjaý etmegimiz bilen baglanyşyklydyr. Muny hiç mahal ýatdan çykarmak bolmaz.