Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş badalga aldy
weather dashoguz 21° C Daşoguz

Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş badalga aldy

Sport
16.04.2024  10

15-nji aprelde paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropanyň we Aziýanyň 10 ýurdundan toparlar gatnaşýar.

Ýaryşyň ähli duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri bolan Gyşky oýunlar sport toplumynyň 10 müň orunlyk meýdançasyna tomaşaçylar ýygnandylar. Bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi.

Tolgundyryjy pursat ýetip gelýär: sport toplumynyň meýdançasyna bäsleşige gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary getirilýär. Açylyş dabarasynyň resmi bölegi başlanýar. Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okalýar.

Dabaranyň tolgundyryjy pursady gelip ýetýär: hokkeý boýunça halkara ýaryşa badalga berilýär. Türkmenistanyň Döwlet senasynyň belentden ýaňlanmagynda sport toplumyndaky monitorlarda Watanymyzyň ýaşyl tugy peýda bolýar.

Dabaranyň resmi açylyşy tamamlanandan soňra, medeniýet we sungat ussatlarynyň hem-de sport mekdepleriniň okuwçylarynyň aýdym-sazly sahnalaşdyrylan çykyşlaryna orun berildi.

Soňra bolsa «A» toparçada çykyş edýän «Galkan» (Türkmenistan), «Bahrain Ice Hockey Club» (Bahreýn), «Ice Box Iran Mall» (Eýran), «Oman Nationals» (Oman), «Feniks» (Özbegistan) toparlarynyň hokkeýçileri meýdança çykdylar. «B» toparça bolsa «Wolat» (Belarus), «Akmola» (Gazagystan), «Dordoý» (Gyrgyzystan), «Adihis-Kazan» (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy), «Team-Türkiye» (Türkiýe) toparlaryndan ybaratdyr.

Toparçalaryň ýeňijileri 20-nji aprelde geçiriljek finalda baş baýrak ugrunda bäsleşerler. Ikinji orny eýeleýän toparlaryň arasynda bolsa bürünç medallaryň eýeleri kesgitleniler.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy bölegini düzýän «Galkan» toparynyň hokkeýçileri bu ýaryşa örän netijeli taýýarlyk gördüler. Olar fewral-mart aýlarynda Belarusdaky türgenleşik ýygnanyşygyna, Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun we Gyrgyzystanyň Bişkek şäherlerinde geçirilen halkara ýaryşlara gatnaşdylar. B.Allaýarowyň şägirtleri ýaryşa taýýarlygyň ahyrky tapgyryny «Galkan» gyşky oýunlar merkezinde RF-niň Tatarystan Respublikasyndan tejribeli tälimçi A.Makarowyň ýolbaşçylygynda geçirdiler. Hünärmen ştab-kwartirasy Kazanda ýerleşýän Yslam ýurtlarynda hokkeýi ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasyna wekilçilik edýär.

Türkmenistanyň 8 gezek çempiony «Galkan» Bahreýniň toparyna garşy başlangyç oýny üstünlikli başlady. Duşuşygyň eýýäm 3-nji minutynda 20 ýaşly N.Baýhanow şaýbany garşydaşyň derwezesine geçirip, ýaryşyň ilkinji goluny geçirdi. Bir minutdan soňra bolsa P.Barkowskiniň urgusyny myhmanlaryň derwezebany saklap bilmedi. Ýene iki minutdan soň bahreýnlileriň derwezesine üçünji şaýba geçirildi. Oňa A.Wahowskiý öz adyny ýazdyrdy. Duşuşygyň birinji bölegi tamamlanýança, B.Döwletmyradow we A.Geldimyradow garşydaşlarynyň derwezesine iki şaýba geçirdiler. Toparlar arakesmä «Galkanyň» peýdasyna 5:0 hasabynda çykdylar.

Duşuşygyň ikinji böleginde Bahreýniň hokkeýçileri hasaby açdylar. Emma oýnuň üçünji böleginde türkmen hokkeýçileri depginini güýçlendirip, garşydaşyň derwezesine ýene üç şaýba geçirdiler. Şunuň bilen birlikde, meýdançanyň ortasyndan D.Hydyrowyň geçiren altynjy şaýbasy has täsirli boldy. Soňra A.Nuryýew tapawutlandy. Oýnuň soňky minutynda Baýmyrat Baýmyradow ahyrky şaýbany geçirdi.

«A» toparçada ozal geçirilen beýleki duşuşykda Özbegistanyň «Feniks» topary «Oman Nationals» toparyny 11:3 (6:1, 1:0, 4:2) hasabynda utdy. Bu oýunda ýeňiji toparyň düzüminde çykyş eden 16 ýaşly B.Najmiýew ýaryşdaky ilkinji şaýbany geçirdi. «B» toparçada Gazagystanyň «Akmola» we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň «Adihis-Kazan» toparlary ýeňiş gazandylar. Gazagystanly türgenler Türkiýäniň «Team-Türkiye» toparyny 5:3 (0:1, 2:1, 3:1) hasabynda, russiýaly türgenler bolsa Gyrgyzystanyň «Dordoý» toparyny 8:3 (4:1, 1:2, 3:0) hasabynda utdular.

Ýaryşyň 2-nji tapgyrynyň oýunlary 16-njy aprelde «Galkan» (Türkmenistan) — «Oman Nationals» (Оman), «Bahrain Ice Hockey Club» (Bahreýn) — «Ice Box Iran Mall» (Eýran), «Wolat» (Belarus) — «Team-Türkiye» (Türkiýe), «Akmola» (Gazagystan) — «Dordoý» (Gyrgyzystan) tertibinde geçiriler.

Meňzeş habarlar

Sport Talyplar  bäsleşdiler
14.03.2024   16
Sport Türkmenistan — sport ýurdy
26.03.2024   25
Sport Ýaş türgeniň üstünligi
29.01.2023   11
Sport Ýaryşyň guramaçylygyna goşant
16.04.2024   22
Sport Ildeşimiziň halkara üstünligi
19.03.2024   21
Sport Sport — sagdynlygyň binýady
15.02.2023   36
image