Aşgabat şäheriniň gününe
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Aşgabat şäheriniň gününe

Ykdysadyýet
20.05.2025  145

Paýtagtymyz — ak bagtymyz

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly şanly seneleriniň, baýramlarynyň ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalaryň mazmuny bilen has-da baýlaşmagy netijesinde özboluşly aýratynlyklara beslenip, täze taryhy döwrümize şan berýär. Bu biri-biriniň üstüni ýetirýän toý-baýramlara beslenen maý aýynyň 25-inde giňden hem-de dabaraly bellenip geçilýän Aşgabat şäheriniň güni babatda hem şeýle häsiýete eýe. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen gözel paýtagtymyzyň gününiň ýörite şanly sene bilen dabaralandyrylmagynyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Çünki Aşgabat şäheri ýurdumyzyň ýüregi, «Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnamanyň eýesi. Gözel paýtagtymyz ýokary medeniýet ulgamy bolan, ykdysady taýdan ösen, iň owadan hem özüne çekiji şäherleriň biridir. Şol bir wagtyň özünde döwürleriň köpdürlüligi bilen sazlaşyga eýedir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň paýtagty Aşgabat tutuş ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň ajaýyp mysalydyr» diýip, uly buýsanç bilen belleýär. Taryhy döwrümizde Aşgabadyň binagärlik keşbi has-da özgerýär, döwrüň gazananlaryny öz goýnunda jemlemek bilen, Watanymyzyň ýeten derejesini tutuş dünýä ýaýýar. Paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak, hereket edýän inžener-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiziň alyp barýan belent maksatly işleri bu günki gün gözel paýtagtymyzyň keşbiniň dünýäniň ünsüni özünde jemlemek ýaly häsiýete eýe bolmagyna getirýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasy netijesinde, häzirki wagtda Watanymyzyň ýüregi Ýer ýüzüniň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Ony paýtagtymyzyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi, Ginnesiň rekordlar kitabynda dünýäde mermer örtülen binalaryň iň köp ýygnanan şäheri hökmünde orun almagy hem doly açyp görkezýär.

Täze taryhy döwrümizde gözel paýtagtymyz sebit we dünýä derejesinde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde belent ykrara eýe boldy. Aşgabat - bagtly geljegiň şäheri, gözelligiň, amatlylygyň, öňdebaryjy binagärlik tejribeleriniň we tehniki ýörelgeleriň milli binagärlik däpleri bilen sazlaşykly utgaşýan merkezi. Gözel paýtagtymyzda gurulýan köp sanly medeni-dynç alyş we seýilgäh toplumlary paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary üçin amatly şertleri döredýär. Onlarça seýilgähler, müňlerçe düýp agaç nahallary we ajaýyp güller ak şäherimiziň mermer keşbi bilen sazlaşyp, ajaýyp gözelligi emele getirýär. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin gözel paýtagtymyza halkara güwänamasynyň berilmegi bu ugurda alnyp barylýan belent tutumlaryň uly ykrarnama eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ak şäherimiz Aşgabatda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary ýurdumyzyň ilatynyň durmuş şertleriniň gowulandyrylýandygyny, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimlidigini, ýokary hillidigini doly açyp görkezýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Edermen pileçileriň üstünligi
28.05.2025   126
Ykdysadyýet Täze bina — giň mümkinçlikler
03.07.2025   164
Ykdysadyýet Ýeriň berekedi yhlasa bagly
06.05.2025   142
Ykdysadyýet Yhlasly zähmetiň netijesi
10.08.2024   232
Ykdysadyýet Ykdysadyýetiň ösüşine goşant
19.11.2024   191
Ykdysadyýet Belent harman ugrunda
04.11.2024   208
Ykdysadyýet Mugallymyň bagy
22.08.2024   257
Ykdysadyýet Köpçülige derwaýys önümler
31.01.2026   32
image