Bäsleşigiň welaýat tapgyry
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde ýylyň-ýylyna yglan edýän «Gülüň owadan!» atly bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bagtyýar döwrümiziň çeper elli, zähmetsöýer zenanlarynyň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, türkmen keçesiniň nusgalarynyň taýýarlanyş usullaryny açyp görkezmek, ýaşlarda milli gymmatlyklarymyza bolan söýgini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşige deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan eli çeper zenanlaryň uly topary gatnaşdy. Gadymy hem müdimi senediň görnükli nusgalary bilen bezelen «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkeziniň toý eýwanynyň bezemen sahnasy bäsdeş zenanlary şowhunly hem täsirli çykyş etmäge ruhlandyrdy.
Zenanlar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ilki bilen, keçe taýýarlamagyň yzygiderliligi, ony taýýarlamakda ulanylýan gadymy usullar barada gürrüň berdiler. Soňra bellenen wagtyň dowamynda bäsdeşler welaýata mahsus bolan nagyşlar bilen keçe güllediler. Täsin gülleri bilen öwşün atýan keçeler zenanlaryň ussatlygyny, çalasynlygyny açyp görkezdi. Şeýle-de olar keçe bilen baglanyşykly rowaýatlary, onuň ynsan saglygyna oňaýly täsiri barada gürrüň berdiler.
Bäsleşigiň dowamynda ýerine ýetirilen çykyşlar ýaşlarda zenan edebini, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan dowamat-dowam bolup gelýän ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdyrmak babatda ähmiýetli boldy. Zenanlaryň jemgyýet bilen gatnaşygyny, milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, ony geljek nesillere ýetirmekdäki aýratyn zähmetlerini açyp görkezmegi bäsleşigiň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.
Nusgalyk işleri bilen has-da tapawutlanan işjeň zenanlar bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, 1-nji orna Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Görelde geňeşliginiň ýaşaýjysy Ogulşat Tuwakowa bilen etrap medeniýet merkeziniň suratkeş bezegçisi Göwher Saparowa mynasyp bolup, bu bäsleşigiň döwlet derejesinde geçirilýän tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. 2-nji orna Akdepe etrabynyň Mollanepes adyndaky geňeşliginiň Watan oba medeniýet öýüniň tam süpürijisi Ogulnäzik Mämmettaganowa bilen etrabyň O.Ärsaryýew adyndaky şäherçesindäki Jemşit oba medeniýet öýüniň tam süpürijisi Mähri Aýydowa, 3-nji orna Ruhubelent etrabynyň Geňeş geňeşliginiň Oglanly oba medeniýet öýüniň tam süpürijisi Ejeş Gaýypalyýewa bilen etrap hassahanasynyň aşhana işgäri Göwher Mämetiýewa mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşyjylara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.