Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçen ýekşenbe güni Daşoguz atçylyk sport toplumynda toý dabarasy hem-de at çapyşyklary guraldy. Şol gün bu ýere welaýatyň döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulularyň, ýaşlaryň, bedew janköýerleriniň köp sanlysy ýygnandy. Olar halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň, bedewleriň keşbini şekillendirýän suratlaryň, bezeg şaý-sepleriniň sergilerine syn etdiler. Zehinli aýdymçylaryň, tansçylaryň çykyşlary dabara özboluşly öwüşginleri çaýyp, hemmeleriň ruhuny belende göterdi.
Şeýle ýakymly pursatlar soňra toplumyň aýlawynda badalga berlen at çapyşyklary bilen utgaşyp, olara dabara gatnaşyjylar uly höwes bilen tomaşa etdiler. Bedew janköýerleriniň şatlyk-şowhunynyň, el çarpyşmalarynyň goldawy bilen dowam eden at çapyşyklarynda iň ýyndam, çalasyn bedewler ýeňiji boldular.
Aýlawyň 1200 metr aralyga geçirilen birinji at çapyşygyna 6 sany at goşuldy. Onda G.Hudaýbergenowyň eýeçiligindäki, A.Garýagdyýewiň seýislän, A.Jumaýewiň çapan Garagunan diýen aty 1-nji orna mynasyp boldy.
Ikinji at çapyşygy-da şol aralyk boýunça guralyp, oňa gatnaşan bedewler hem öz ýyndamlyklaryny görkezmegi başardylar. Şunlukda bu bäsleşikde 1-nji orun Ş.Satybaldyýewiň eýeçiligindäki, P.Baýrambaýewiň seýislän, M.Geldiýewiň çapan Atylar diýen dor atyna degişli boldy.
Üçünji çapyşykda güýç synanyşmaly aralyk 1800 metre deň bolup, oňa 7 sany bedew goşuldy. Çapyşygyň ahyrynda G.Hudaýbergenowyň eýeçiligindäki, A.Garýagdyýewiň seýislän, A.Jumaýewiň çapan Abadan diýen aty 1-nji bolup pellehanadan geçdi. Bu çapyşyk iň köp atlaryň gatnaşan hem-de örän dartgynly dowam eden aýlawlaryň biri boldy.
Dördünji çapyşyga has köp, ýagny 9 sany bedew goşulyp, onda-da aralyk 1800 metrden ybarat boldy. Onuň dowamynda atlaryň orun çalşyp, tomaşaçylary heýjana salan gezekleri az bolmady. Ahyrky netijede T.Ýegşemowyň eýeçiligindäki hem-de onuň özüniň seýislän, B.Çäşemowyň çapan Germaw atly al aty pellehanadan beýlekilerden has öň geçip, 1-nji orna eýe boldy.
Dört we uly ýaşar atlar üçin guralan ahyrky — bäşinji çapyşykda bellenilen aralyk 2 müň metrden ybarat bolup, oňa gatnaşan bedewleriň bäsleşigi boýdan-başa tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Çünki oňa goşulan bedewleriň ählisi diýen ýaly ozal uly baýraklary alyp ýören bedewler bolup çykdy. Şoňa görä-de bedew janköýerlerine aýratyn joşgun beren bu bäsleşikde ýeňijileriň arasynda doly sekunt tapawudy hem bolmady. Şeýlelikde N.Kerimowyň hojalygyna degişli, W.Ýagşybaýewiň seýislän, K.Polaýewiň çapan Süleýmanly diýen dor aty birinji bolup pellehanadan geçdi. Münberi dolduryp oturan tomaşaçylar ony mähirli elçarpyşmalar bilen alkyşladylar.
At çapyşyklarynyň ahyrynda olarda ýeňiji bolan bedewlere serpaýlar, çapyksuwarlara gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy. Bu olaryň baýramçylyk çäresi hemmelerde ýakymly täsirleri galdyrdy.