Arkadagyň saglyk sahawaty
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Arkadagyň saglyk sahawaty

Jemgyýet
28.03.2025  433

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine 4 ýyl dolýar. Döredileninden bäri onçakly köp wagt geçmedik hem bolsa, gaznanyň hasabyna dogabitdi kemislikleri bolan ýüzlerçe çagalaryň saglygyny dikeltmekde asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde hereket edýän hassahanalarda ýüzlerçe çagalara bejergiler we operasiýalar geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan kemala gelen Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde hem çagalara ýokary derejede saglygy goraýyş hyzmatlary amala aşyrylýar.

Ýeri gelende bellesek, Özbegistan Respublikasyndan ýigrimi sany «Tiz kömek» awtoulagynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna berilmegi, şol awtoulaglaryň on dört sanysynyň welaýat hassahanalarynyň çagalar bölümlerine, alty sanysynyň bolsa Arkadag şäherindäki saglygy goraýyş edaralarynyň çagalar bölümlerine berilmegi ýurdumyzda eneleriň we çagalaryň saglygynyň ýokary derejede goralýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Geçen ýylda welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine hem gaznanyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iň kämil enjamlarynyň biri bolan «Dialog+» kysymly emeli böwrek enjamy sowgat berildi. Bu enjam şol günden başlap, böwrek ýetmezçiligi bolan çagalaryň ençemesiniň sagalmagyna ýardam etdi. Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna amala aşyrylýan ynsanperwer işler ýurdumyzda bagtyýar çagalaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna, ömür dowamlylygynyň uzaldylmagyna, saglygynyň berkidilmegine gönükdirilýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Sagdyn durmuş wagyz edilýär
10.09.2026   69
Jemgyýet Süýjüli diabet we onuň öňüni almak
17.06.2025   434
Jemgyýet Nurana ýoluň çeper beýany
17.12.2025   232
Jemgyýet Halk Maslahaty — beýik işlere badalga
05.08.2024   482
Jemgyýet Bedew bilen beýgelýän döwür
29.07.2026   113
Jemgyýet Ýaz nygmaty
01.04.2024   464
image