Arkadagyň dünýä uzan ak ýoly
weather dashoguz -2° C Daşoguz

Arkadagyň dünýä uzan ak ýoly

Jemgyýet
19.03.2025  219

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ýylymyz şanly wakalara, taryhy ähmiýetli çärelere beslenýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda eziz Diýarymyz hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlaýar. Şanly ýylyň taryhy ähmiýetini wagyz etmekde bolsa döredijilik işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hem-de Daşoguz welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda «Arkadagyň dünýä uzan ak ýoly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen döredijilik duşuşyklary geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işlerini wagyz etmek maksady bilen, Daşoguz welaýat kitaphanasynda geçirilen döredijilik duşuşygy täsirliligi bilen tapawutlandy.

Onuň dowamynda «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory Seýitmyrat Geldiýew, Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň direktory Annatuwak Kakaýewa, Daşoguz welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Dädebaý Nartyýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Kuwwat Çaryýew, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Göwher Ahmedowa, «Daşoguz habarlary» gazetiniň uly habarçysy Gurban Gurbanow, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory Çemen Annaberdiýewa, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy Serdargeldi Gökiýew dagy çykyş edip, Bitarap Türkmenistanyň halkara ähmiýetli öňe sürýän beýik başlangyçlary dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Duşuşygyň dowamynda okalan goşgy setirlerinde ata Watanymyzyň parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmekde durmuşa geçirýän daşary syýasaty, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen halkymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda amal edilýän beýik işler joşgunly wasp edildi.

Şeýle mazmundaky döredijilik duşuşyklary welaýatyň  Şabat etrabynyň Dilewar oba medeniýet öýünde, Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher medeniýet merkezinde hem geçirildi. Olaryň dowamynda ýurdumyzyň tanymal döredijilik işgärleri çykyş etdiler. Joşgunly çykyşlar bilen utgaşykly ýaňlanan aýdym-sazlarda ata Watanymyzyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň waspy belentden ýetirildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Gözel tebigatyň goragynda
08.04.2024   314
Jemgyýet Keşdeçiler bäsleşdiler
04.11.2025   63
Jemgyýet Ajaýyp eseriň gymmaty wagyz edildi
28.12.2024   280
Jemgyýet Çeper elli zenanlaryň üstünligi
09.08.2024   307
Jemgyýet Gyzykly gezelenç çäresi
12.07.2024   310
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlandy
18.09.2025   80
Jemgyýet Ýaşlaryň döredijilik gözlegleri
28.10.2024   254
image