Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy pursatlaryna şan berýän toý-baýramlar, şanly seneler döwletimiziň ýeten derejesini dabaralandyrýar, halkymyzy täze maksatlara ruhlandyrýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, onda kabul edilen çözgütler döwletimizi hem jemgyýetimizi ösüşiň mertebeli menzillerine ýetirmekde ýene-de bir möhüm ädime öwrüldi. Umumymilli forumyň dowamynda ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmakda, jemgyýetde sazlaşykly ýagdaýyň kemala gelmeginde, ýaş nesle görelde bolmakda bitiren nusgalyk işleri, uzak ýyllaryň dowamynda çeken tapawutly zähmeti nazara alnyp hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken taryhy Permanyna laýyklykda, ýaşuly nesliň wekillerine hem-de zähmet adamlarynyň uly toparyna hormatly atlar dakyldy, döwlet sylaglary gowşuryldy. Olaryň hatarynda Daşoguz welaýatyndan hem ildeşlerimiziň köp sanlysy bar.
Annageldi GURBANSEÝIDOW,
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Adalat geňeşliginiň Garaporsaň obasynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy:
— Halkymyzyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçen Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerini berkitmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we degişli çözgütler kabul edildi. Taryhy pursatlaryň dowamynda hormatly Prezidentimiziň sahawatly Permanyna laýyklykda, il sylagly ýaşulularyň hatarynda maňa-da «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen belent adyň dakylmagy mertebämi arş deňine ýetirdi. Bu ýokary baha biz, ýaşululary döwlet berkararlygymyzy berkitmekde, halkyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde nusgalyk görelde bolup mundan beýläk-de gaýratly işlemäge ruhlandyrdy.