«Arkadag» futbol topary — halkyň milli buýsanjy
weather dashoguz 24° C Daşoguz

«Arkadag» futbol topary — halkyň milli buýsanjy

Jemgyýet
16.02.2026  58

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sportumyzyň täze belentliklere çykmagy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň sporty we bedenterbiýäni giňden wagyz etmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak ugrunda başyny başlan köptaraply işleriniň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilip, täze sepgitleri nazarlaýandygynyň buýsandyryjy güwäsidir.

Sportuň dürli görnüşleri bolan atçylyk sporty, awtosport, golf sporty bilen birlikde, türkmenistanlylaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri, şol sanda futbol oýny uly meşhurlyga eýe bolýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde geçirilýän halkara futbol we beýleki sport ýaryşlary Watanymyzyň sport abraýyny has-da belende göterýär. Yzygiderli geçirilýän futbol ýaryşlarynda, çempionatlarda türgenlerimiz öz ussatlyklaryny artdyryp, üstünlik gazanýarlar. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Arkadag» futbol toparynyň gazanýan ýeňişleri doly tassyklaýar.

Elbetde, «millionlaryň oýny» diýilýän futbola janköýerlik etmeýänler az-azdyr. Emma tutuş halkyň söýgüsine, milli buýsanjyna öwrülen futbol toparlary gaty seýrek bolsa gerek. Käbir ynsanlar janköýerlik edýän futbol toparyna has sadyk bolup, onuň ýeňşini-de, ýeňlişini-de deň-derejede kabul edýärler.

Türkmen futbol janköýerleriniň köp sanlysynyň goldawyna eýe bolan «Arkadag» futbol topary hem halkymyzyň milli buýsanjydyr. Türkmen futbol janköýerleri onuň oýunlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Toparyň gazanýan ýeňişleri olara belent ruh bagyşlaýar.  Çünki ýaşyl Tugumyzy ýeňiş bilen belende galdyrmak üçin meýdança çykýan ýigitlere watandaşlarymyz uly ynam bildirýärler.

Öz ýeňişleri bilen watandaşlarymyzyň söýgüsini gazanýan «Arkadag» futbol topary geçen ýyl bassyr üçünji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynda çempion bolmagy «Arkadag» futbol toparynyň şan-şöhratyny has-da beýgeltdi, adyny taryha möhürledi. Toparyň halkara sport ýaryşynda gazanan bu taryhy üstünligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportuny galkyndyrmak babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň, gazanylýan ösüşleriň aýdyň subutnamasydyr.

«Arkadag» futbol toparynyň gysga wagtyň içinde Türkmenistanyň çempionatynda, Türkmenistanyň Kubogy we Naýbaşy kubogy ugrundaky bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, milli we halkara derejede rekordlaryň ençemesini gazanandygyny hem buýsanç bilen bellemek gerek. Toparyň futbol ýaryşlaryndaky her bir duşuşygy futbol janköýerlerinde uly gyzyklanma döredýär.

Futbol — bu diňe bir sport çäresi däl, ol hakyky janköýerler üçin uly baýram. Sport ýaryşynda hiç kim ýeňilmeýär. Munda dostluk ýeňýär, parahatçylyk, ählumumy raýdaşlyk dabaralanýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Parahatçylyk ýörelgesi dabaralanýar
27.11.2025   103
Jemgyýet Milli buýsanjymyza hormat
22.10.2024   299
Jemgyýet Talyplar bäsleşdiler
26.12.2025   115
Jemgyýet Gymmatly ruhy-hazyna
02.01.2026   117
Jemgyýet Wagtlaryny hoş geçirýärler
10.06.2024   341
Jemgyýet Mukaddeslige ygrarlylygyň baýramy
27.01.2026   88
Jemgyýet Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň waspy
21.02.2023   380
Jemgyýet Şadyýan tomus
17.07.2024   405
image