Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň önümçilik pudaklarynda ýokary zähmet üstünlikleri gazanylyp, raýatlaryň agzybir, asuda durmuşda ýaşamagy, işlemegi we dynç almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Belent Serkerdebaşymyzyň döwletimiziň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi ugrunda öňde goýan wezipeleri bilen baglylykda, täze kanunlaryň kabul edilmegi, öňden hereket edýän kanunlara döwrüň talabyna laýyk üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi ýurdumyzda kanunçylygy berkitmäge, düzgün bozulmalaryň öňüni almaga, raýatlaryň hukuk düzgünlerini pugta berjaý etmegini gazanmaga uly ýardam edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny düşündirmekde hukuk goraýjy, saglygy goraýyş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň, ýerli häkimlikleriň işgärleriniň bilelikdäki tagallalarynyň zerurdygyny belläp, dürli düzgün bozulmalaryň öňüni almakda wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli geçirilip durulmagy babatda aýdyň wezipeleri öňde goýýar. Şundan ugur alnyp, ilat arasynda geçirilýän çärelerde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edilýär, kabul edilýän kanunlaryň talaplary düşündirilýär. Geçirilýän çäreler öz oňyn netijelerini-de berýär.