Änew — şanly taryhymyzyň täze sahypasynda
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Änew — şanly taryhymyzyň täze sahypasynda

Medeniýet
02.02.2023  483

Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda Änew, Jeýtun, Marguş, Kelteminar medeniýetleri ýaly taryhyň şöhratly sahypalarynda uly orun alan milli medeni galkynyşlary bilen umumadamzat siwilizasiýasynyň, dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşupdyr. Bu hakykaty häzirki wagtda bütin dünýä ykrar edýär. Göksüýri depesinden Gyzylarbada çenli ägirt uly giňişligi öz içine alýan Änew medeniýeti barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda giňişleýin bellenip geçilýär. 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) mejlisinde türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» we gadymy Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek barada türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlary uly goldawa eýe boldy.

Halkara derejedäki şeýle syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli wakalar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işleri has-da dabaralandyrýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwal hem Änew şäherinde geçiriler. Şeýle-de dünýä medeniýetiniň we sungatynyň gadymy ojagynda geçiriljek halkara ylmy maslahat, halkara ýaşlar forumy, TÜRKSOÝ guramasyna agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisi şanly ýylymyzy has-da dabaralandyrar.

Ak bugdaýyň mekany, ekerançylygyň ilkinji dörän ojagy hökmünde ykrar edilýän Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly geçiriljek medeni çäreleriň özeninde medeniýetiň halklary, döwletleri jebisleşdirmekdäki, olaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti, ynsanperwer, ruhy gymmatlyklary örboýuna galýar.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Bir söýginiň kyssasy
19.10.2024   485
Medeniýet Hasabat konserti
20.05.2026   32
Medeniýet Milli medeniýetiň galkynyşy
04.06.2024   591
Medeniýet Peder ýoly dowamat-dowam
12.02.2026   96
Medeniýet Şat dünýäniň saýrak bilbilleri
17.04.2024   550
Medeniýet Milliligiň we döwrebaplygyň sazlaşygy
26.03.2025   462
Medeniýet Medeniýet hepdeligine
19.06.2025   287
image