Änew — ekerançylygyň mekany
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Änew — ekerançylygyň mekany

Jemgyýet
18.09.2024  514

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abraý-mertebesini belende göterýän, şan-şöhratyny dünýä ýaýýan wakalar bolup geçýär. Halkara TÜRKSOÝ guramasynyň Karary bilen, Aşgabadyň etegindäki Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi-de olaryň biridir. Munuň özi ata-babalarymyzyň gülläp ösen gadymy mekany bolan bu şäheriň, onuň töweregindäki medeni hem-de ekerançylyk merkezleriniň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Belli bolşy ýaly, ýurdumyzyň çäklerinde geçirilen arheologik barlaglar onuň dürli ýerleriniň irki döwürlerde ekerançylygyň, hünärmentçiligiň ösen ýerleriniň biri bolandygyny tassyklaýar. Günorta Türkmenistanda, gojaman Köpetdagyň eteginde Jeýtun medeniýetiniň ösen döwründe däneli ekinleriň has köp ekilendigi barada maglumatlar bar. Şoňa görä hem, bu ýerler medeni ösümlikleriň dörän künjekleriniň biri hasap edilýär. Bu barada görnükli daşary ýurt alymlarynyň birnäçesiniň ýazgylarynda geçirilen barlagyň esasynda alnan anyk deliller getirilýär.

Häzirki Änew şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän depeden biziň eýýamymyzdan ozalky V müňýyllyga degişli bolan dürli däneli ekinleriň galyndylarynyň tapylandygy baradaky maglumatlar munuň aýdyň mysalydyr. Ol diňe şu ýerde däl, eýsem, bütin dünýäde ekerançylygyň ösüş taryhyny öwrenmekde uly ähmiýete eýe boldy. Tapyndylaryň içgin öwrenilmegi ýüze çykarylan däneli ekinleriň galyndylarynyň bugdaýa we arpa mahsus alamatlara eýedigini mälim edýär. Änew depesinden tapylan bugdaýyň bu görnüşi asyrlaryň dowamynda ýörgünli bolup, biziň döwrümize gelip ýetipdir.

Änew şäheriniň töwereklerinde ekerançylygyň ösüşi bilen baglanyşykly maglumatlary öwrenmekde Rafael Pampelliniň 1904-nji ýylda türkmen topragyna eden syýahatynyň netijesinde döreden kitabynyň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi onda «Änew medeniýeti» diýen düşünje ilkinji sapar ylmy dolanyşyga girizilýär. Şonuň bilen birlikde-de, onda bu ýerde has gadymy döwürlerde hem ak bugdaýyň ýetişdirilendigi barada maglumat berilýär. Şol wagtlarda ekin meýdanlary daş kätmenler bilen işlenilip bejerilipdir. Olar häzirki döwürde hem ulanylýan käbir oba hojalyk gurallarynyň asyl nusgasydyr.

Geçen asyrlarda bugdaýyň bu tohumynyň ençeme görnüşiniň bolandygy aýdylýar. Olaryň ählisiniň hem depesiniň akdygy bellenilýär. Şoňa görä-de, ata-babalarymyz oňa «ak bugdaý» diýip at beripdirler. Şu tohum bugdaýyň täze görnüşlerini döretmekde esasy serişde hökmünde ulanylyp gelinýär. Häzirki wagtda ak bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleri ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ekilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Änew şäherinde ak bugdaýyň muzeýi döredildi. Ol bu gadymy we gymmatly ekine bagyşlanan dünýädäki ýeke-täk muzeýdir we şeýle bolmagynda hem galýar. Bu ýerde ak bugdaýyň dürli görnüşleri, olary ýetişdirmekde ulanylýan serişdeler jemlenilendir. Şonuň bilen birlikde-de, muzeý ata Watanymyzda ýaşaýşyň gözbaşy bolan ak bugdaýa halkymyzyň belent sarpasyny alamatlandyrýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Kömelek — hem tagam, hem şypa
30.04.2026   146
Jemgyýet Paýtagtymyz — ak bagtymyz
25.05.2026   121
Jemgyýet BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNÜNE
30.08.2025   277
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
06.09.2024   373
Jemgyýet Jebisligiň aýdyň ýoly
07.09.2024   454
Jemgyýet Bagtyýarlygyň we rowaçlygyň binýady
09.04.2026   132
image