Altyn öwüsýän meýdanlar —päk zähmetiň miwesi
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Altyn öwüsýän meýdanlar —päk zähmetiň miwesi

Ykdysadyýet
26.06.2026  77

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda 145 müň gektar meýdanda bereketli galla hasylyny kemala getiren Daşoguz welaýatynyň zähmetsöýer gallaçy daýhanlary şonça ýerden Watan harmanyna 265 müň tonna ýokary hilli, dokmaňyz däne goşmagy maksat edinip, häzirki günlerde orak möwsümini ýokary depginlerde alyp barýarlar. Şonuň netijesinde gallaçylaryň, kombaýnçylaryň ýadawsyz zähmetleri bilen her günde kabul ediş bölümlerine müňlerçe tonna galla hasyly tabşyrylyp, göz öňünde tutulan belent sepgide tarap ynamly gadam goýulýar.

Welaýatda şu ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berlen gününden bu gaýragoýulmasyz çäräni amala aşyrmaklyga ähli gujur-gaýratlaryny gönükdiren gallaçy daýhanlaryň, daýhan birleşikleriniň köp sanlysynyň döwlet harmanyna däne tabşyrmak baradaky ýyllyk meýilnamalaryny irki möhletlerde, öňdäkileriň hatarynda üstünlikli berjaý etmekleri olaryň agzybirlikli zähmetleriniň netijesi boldy. Şeýlelikde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän ýylymyzyň ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenmegine mynasyp goşant goşmagy kalbynda beslän gallaçylaryň gazanýan bu üstünlikleri hemmeleri örän guwandyrýar.

Uly üstünliklere eýe bolan hojalyklaryň hatarynda Akdepe etrabynyň «Pagtaçylyk», Mollanepes adyndaky, «Nowruz», Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Şamahy», «27-nji oktýabr», «Ýeňiş», Görogly etrabynyň H.Myradow adyndaky, «Ýagtylyk», Magtymguly adyndaky, Gubadag etrabynyň «Amyderýa», «Döwletli», «Türkmenistan» daýhan birleşikleri, Şabat etrabynyň «Bossan», Biruni adyndaky daýhan birleşikleri, S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti, Köneürgenç etrabynyň «Bereket», Boldumsaz etrabynyň «Guýanagyz», «Agzybirlik», Garaşsyzlyk etrabynyň N.Andalyp adyndaky daýhan birleşikleri bar. Bellenilip geçilişi ýaly, olaryň sanynyň barha artýandygyny hem aýtmak zerurdyr.

Elbetde, şeýle şöhratly ýylda aýry-aýry kärendeçi daýhanlaryň gazanan üstünlikleri köplere görelde bolarlykdyr. Mysal üçin, Akdepe etrabynyň «Pagtaçylyk» daýhan birleşiginden Meret Nuryýew 4,2 gektar meýdanyň her gektaryndan 77, Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinden Leýla Döwletowa 2,5 gektar kärende ýeriniň her gektaryndan 66, Reşit Abdyreýimow 3 gektar meýdanynyň her gektaryndan 63 sentner bugdaý hasylyny ýygnamagy başardylar.

Ussat daýhanlaryň kemala getiren bereketli galla hasylynyň öz wagtynda hem-de ýitgisiz ýygnalmagyna Daşoguz welaýat «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky önümçilik kärhanalarynyň ezber kombaýnçylarynyň ýakyndan ýardam berýändiklerini hem belläp geçmek ýerliklidir. Häzirki wagtda welaýatyň galla meýdanlarynda ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň 340-a golaýynyň güýjünden peýdalanylýar. Olara erk edýän kombaýnçylaryň her biriniň bu ugurda ýeterlik iş tejribesiniň bolmagy gündelik tabşyryklaryň doly ýerine ýetirilmegine şert döredýär. Galla oragyna gatnaşdyrylýan tehnikalara meýdan şertlerinde tehniki hem-de ýangyç guýmak hyzmatlarynyň ýola goýulmagy olaryň bökdençsiz hereket etmeklerine mümkinçilik berýär.

Galla meýdanlarynda yhlasly zähmet çekýän kärendeçi daýhanlara, kombaýnçylara iş üstünde medeni-durmuş hyzmatlaryny guramak barada welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, degişli edaralarynyň işgärleriniň edýän derwaýys aladalary hem oňat netijeleri berýär. Şonda günorta arakesme wagtynda olaryň arasynda geçirilýän aýdym-sazly medeni çäreler uly şatlyk-şagalaňa beslenip, gallaçylaryň göwünlerini galkyndyrýar.

Şeýlelikde, şu günler welaýatyň ähli künjeklerindäki bugdaý meýdanlarynda başarjaň gallaçy daýhanlaryň, kombaýnçylaryň, ýygnalan hasyly harmana daşaýan ulag sürüjileriniň joşgunly zähmetlerine şaýat bolýarsyň. Olaryň esasy maksatlarynyň ene topraga yhlas siňdirilip kemala getirilen ak bugdaýy — zer dänelerini isripsiz ýygnap, Watan harmanyna goşmak bilen, onuň has-da beýgelmegine ýardam bermekden ybaratdygyna göz ýetirmek kyn däl. Bu hem edermen gallaçylaryň şu şöhratly ýylda guwandyryjy zähmet ýeňşini gazanjakdyklaryndan alamat bolup durýar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Şaly ekişi guramaçylykly dowam edýär
07.05.2025   229
Ykdysadyýet Islegli önümler öndürilýär
14.11.2023   319
Ykdysadyýet ​​​​​​​Hereketde bereket bar
08.10.2024   304
Ykdysadyýet «Ak altyn» harmany beýgelýär
19.09.2025   162
Ykdysadyýet Bereketli ekiniň idegi ýetirilýär
02.07.2024   322
Ykdysadyýet Suw bolçulygy ugrunda
04.12.2025   179
Ykdysadyýet Adamzat mirasyna öwrülen gözellikler
20.11.2024   302
Ykdysadyýet Ekerançylaryň yhlasly zähmeti
09.03.2026   75
image