Alajalar nagyş hökmünde
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Alajalar nagyş hökmünde

Medeniýet
09.01.2023  1417

Alajalar, alaja görnüşli ýüpler türkmen halkynyň durmuşyna mäkäm ornaşan milli gymmatlyklar bolup durýar. Halkymyz alajalary uzak geçmişden başlap, häzirki güne çenli diňe bir gözden-dilden goraýjy serişde hökmünde däl, eýsem nagyş, bezeg hökmünde hem ulanypdyr. Çaganyň gundag bagy, sallançak bagy, gelin-gyzlaryň bukjasynyň bagy alajadan bolupdyr. Olara uk bag, tüýnük bag, serpik bag, üzük bag, durluk bag degişlidir. Alajadan edilen baglar ak öýlere özboluşly gelşik beripdir. Ak öýleriň torbalarynyň gyralaryna hem nagyş hökmünde alajalardan baglar tutulypdyr.

Gelin-gyzlaryň el işlerinde, haly-palaslarda alaja şekilindäki nagyşlar köp ulanylýar. Gelin-gyzlar alaja nagşyny erkek adamlara niýetlenen tahýalara, guşaklara, çaýhaltalara, elýaglyklara has köp salypdyrlar.

Halydyr palaslarda, keçelerde köp ulanylýan alaja nagyşlary ozal gelin-gyzlaryň arasynda alaja, alaja gowurdak atlary bilen bellidir. Bu nagyşlar beýleki nagyşlaryň gyrasyna jähek hökmünde ulanylyp, bir halynyň, keçäniň özünde birnäçe gezek gaýtalanýar.

Alajalar mata dokmaçylygyna hem aralaşypdyr. Muny «alatow» ady bilen belli bolan matanyň mysalynda görmek bolýar.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Ynam
15.03.2024   836
Medeniýet Akyldaryň döredijiliginde saz adalgalary
01.09.2025   281
Medeniýet «Bagşyly halk – bagtly halk»
26.03.2026   152
Medeniýet «Agşam bir gyz gopuz çaldy...»
27.10.2025   320
Medeniýet Şanly ýylyň çeper waspy
07.05.2026   135
Medeniýet Geçmişden gaýdan owaz
02.03.2026   157
image