Alabaýlara bagyşlanan sergi
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Alabaýlara bagyşlanan sergi

Jemgyýet
25.10.2025  195

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň geçen ýyllarynda bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guralýan dabaralar, çäreler Daşoguz welaýatynda  hem giň gerim aldy. Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde muzeýiň giň eýwanynda guran sergisi hem örän täsirli boldy.

Sergide ýurdumyzyň belli suratkeşleriniň, Daşoguz şäher çagalar çeperçilik hem-de Gubadag etrap çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň türkmen alabaýlaryna bagyşlap çeken suratlary, heýkeltaraşlyk işleri, şonuň ýaly-da alabaýlaryň dürli pursatlardaky keşbini şekillendirýän fotosuratlar ýerleşdirildi. Olaryň her birinde alabaýlara bolan söýgi, olaryň halkymyza dürli taraplardan ýakynlygy, tebigat gözelligini artdyrmaklyga goşýan goşandy öz beýanyny tapypdyr. Bu babatda ýaşajyk suratkeşler Jasuberk Rejepbaýewiň, Ýoldaş Seýidowyň, Jeren Bekdurdyýewanyň we beýlekileriň çeken suratlary ýakymly täsir galdyrýar. Sergi ajaýyp baýrama bagyşlanylan çäreleriň hatarynda türkmen alabaýlarynyň jadyly keşbini, mähribanlygyny, ynsana hamraklygyny açyp görkezmek bilen, ony synlan adamlarda uly täsir galdyrdy.

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Geňeşli iliň döwletli tutumy
19.08.2024   408
Jemgyýet Maksatly menziller
25.07.2025   269
Jemgyýet Hünärli nesil — röwşen geljek
01.10.2025   207
Jemgyýet Akyldaryň hasyl bolan arzuwy
02.06.2025   317
Jemgyýet Abadan durmuşyň kepili
10.12.2025   197
Jemgyýet Geljegimiziň ak ýoly
16.09.2026   45
Jemgyýet Halyçylyk sungatynda yrymlar
08.09.2025   267
image