Akyldaryň paýhasy — kalbyň ylham çeşmesi
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Akyldaryň paýhasy — kalbyň ylham çeşmesi

Medeniýet
23.04.2024  559

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň kalplara ylham bagyşlaýan tutumly dabaralary häzirki wagtda giň gerimde dowam edýär. Şanly ýyla bagyşlanyp «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde guramagynda «Akyldaryň paýhasy — kalbyň ylham çeşmesi» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Daşoguz şäheriniň Magtymguly meýdançasynda geçirilen döredijilik duşuşygynda  redaksiýanyň döredijilik işgärleri, halypa şahyrlar, welaýatyň çeper döredijilik bilen gyzyklanýan ýaşlary özleriniň döreden goşgularyny okadylar. Ylhamly göwünlerden dörän setirler bilen sazlaşykda ýaňlanan aýdymlar duşuşygyň şowhunyny artdyrdy. Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň akyldar şahyrymyzyň sözlerine döredilen ajaýyp aýdymlary kalplara egsilmejek joşgun bagyşlady.

Şeýle hem döredijilik duşuşygynda çykyş edenler ylham berýän baharyň hoştap howasynda beýik söz ussadynyň hormatyna bagyşlap geçirilýän döredijilik duşuşygynyň ähmiýetini bellediler. Çeper edebiýatymyzyň ösdürilmegine, söz sungatynyň ussatlarynyň sarpasynyň belent tutulmagyna döredilýän ajaýyp mümkinçilikler hakynda belläp, çykyş edenler munuň döredijilikli zähmete berilýän ýokary bahadygyny nygtadylar.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Gül Diýaryň belent waspy
25.05.2024   515
Medeniýet Döredijilik duşuşygy geçirildi
22.11.2024   490
Medeniýet Tomus — 2026
01.07.2026   55
Medeniýet Magtymgululy gürrüňler
15.04.2024   599
Medeniýet Medeniýet hepdeligine
19.06.2025   330
Medeniýet «Çalsana, bagşy! — 2025»
13.06.2025   467
Medeniýet Şat dünýäniň saýrak bilbilleri
17.04.2024   589
image