Magtymguly Pyragynyň watançylyk, ynsanperwer taglymatlary halkymyzyň hakydasynda çuň orun eýeleýär. Türkmenlerde «Türkmeni Magtymgulysyz göz öňüne getirip bolmaz» diýen düşünje ýörgünlidir.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlary ata-babalarymyzyň ýörelgelerine ygrarly edip terbiýelemekde, olaryň ahlak kämilligini we watansöýüjilik häsiýetlerini ösdürmekde akyldar Pyragynyň eserleri örän ähmiýetlidir. Şoňa görä-de, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet guşy» romanynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine aýratyn üns berilýär. Berdimuhamet Annaýewiň «Türkmen sen» goşgusynda Magtymgula bagyşlanan şeýle ajaýyp setirler bar:
Sen ulusyň, seň uludan ulyň bar,
Sygynmaga keramatly weliň bar,
Dünýä ýaly dana Magtymgulyň bar,
Belent derejeli-deňli türkmen sen.
Beýik şahyryň döredijiligindäki watançylyk pikiri ony özünden öň ýaşap geçen beýik ussatlar hem-de onuň ýoluny dowam etdirijiler, şeýle hem özlerini onuň nesilleri diýip atlandyrýan ildeşleri bilen baglanyşdyrýar. Bu pikirler Watana bolan gyzgyn, beýik we synmaz söýgini özünde jemleýär.
Watana bolan söýginiň üsti bilen şahyr özi üçin bütin dünýäni açýar. Bu söýgi onuň aýdymynyň şirin owazydyr, durmuşynyň many-mazmunydyr. Akyldar şahyryň şygyrlary öz döwründe teşne ynsan kalbyny epgekden we gurakçylykdan halys surnugan topraga ýagan, uzak garaşdyran sahawatly ýagyş ýaly gandyrdy...
Watan duýgusynyň inçe we ýiti beýan edilmegi şahyryň döredijiliginde hakyky taryhy mazmuna eýedir. Şahyryň Watana bolan söýgüsinde buýsanç, hasrat, ýürekden çykýan mähremlik, agyr ezýet, esgeriň eziz toprak üçin şirin janyny bermäge taýýarlygy, akyldaryň möhüm hem beýik özgertmeleri duýýandygy bir bitewülikde jemlenýär. Şahyr öz Watanyny şeýle bir wasp etdi, onuň goşgularynyň üsti bilen Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ýaşaýan okyjylar Magtymguly üçin gymmatly bolan zatlary öz tapan baýlyklary hökmünde kabul etdiler, biziň ülkämizi söýdüler, türkmen halkyny has-da ýakyndan tanamak islediler. Beýik akyldar häzirki türkmen döwletiniň buşlukçysydyr. Akyldar şahyryň arzuwlan döwri geldi. Türkmenistan döwletimiz bu gün jennet mekanyna öwrüldi.