Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda Magtymguly Pyraga goýulýan sarpanyň belentdigini has aýdyň görmek bolýar. Magtymguly Pyragy diňe bir döwrüň şahyry däl, eýsem, umumadamzat şahyry. Onuň pikirleri ynsan durmuşynda, ýaşaýşynda häli-şindi gabat gelýär. Şonuň üçin hem Magtymguly Pyragy hakdan içen şahyr hasaplanylýar.
Akyldar şahyryň döredijiliginde ynsan mertebesi belent tutulýar. Şahyr döwrüniň taryhy, durmuş şertine laýyklykda, ynsan mertebesini, onuň jemgyýetde tutýan ornuny çuň many-mazmuna ýugrulan halk pähimlerinden gözbaş alyp gaýdýan şahyrana pikirleriň esasynda ýokary galdyrýar. Ol ynsanperwerligiň, edermenligiň, päk söýginiň, arassa ahlagyň ynsan häsiýetiniň açarydygyny şahyrana beýan edýär.
Magtymguly ynsan mertebesiniň ussat waspçysy. Bu babatda ol Nowaýynyň, Ýasawynyň, Balasagunlynyň, Rownakynyň, Süleýman Bakyrganyň edebi ýörelgesini dowam etdirýär. Ynsan mertebesi barada özünden öň şygyr sungatynda gazanylan gymmatlygy belli bir milli ýörelgä salyp, oňa çuň we giň, anyk we çeper many berýär. Nakyllarda, rowaýatlarda, ertekilerde we dessanlarda beýan edilen ynsan mertebesi şahyryň döredijiliginde täze basgançaga galýar. Magtymguly Pyragy ynsana mahsus häsiýetleri, edim-gylymlary bir ulgama düzüp, olary häsiýetleri boýunça toparlara bölýär. Şahyr: «Mal ýagşy» goşgusynda adam bilen adamy tapawutlandyrýan gylyk-häsiýetler barada şeýle diýýär:
Adam bolup, adam gadryn bilmeýen,
Ondan ki bir otlap ýören mal ýagşy.
Sözlegende söz manysyn bilmeýen,
Ondan ki bir gepläp bilmez lal ýagşy.
Şahyryň ynsan mertebesi hakyndaky pikirleri çeper döredijilikde özboluşly gazanylan gymmatlykdyr. Olar millidir, şol bir wagtda ähli halklara degişlidir. Magtymguly Pyragy baradaky halky kyssalarda berilýän çeper maglumatlara görä, şahyr ynsan mertebesiniň goragçysy hökmünde çykyş edýär.