Akyldaryň döredijiliginde saz adalgalary
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Akyldaryň döredijiliginde saz adalgalary

Medeniýet
01.09.2025  171

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde türkmen bagşylarynyň hyzmaty uludyr. Bagşylaryň dilleriniň senasyna öwrülen türkmen halk aýdymlarynyň aglabasy Magtymguly Pyragynyň goşgularyna düzülen aýdymlardyr. Mälim bolşy ýaly, türkmen aýdym-saz sungatynyň hazynalary biziň günlerimize ýazuw üsti bilen däl-de, dilden-dile geçip gelen ebedi mirasdyr. Bagşylarymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyna düzülen aýdymlary öz şägirtlerine öwredipdirler. Şeýdip beýik akyldaryň döredijiligi arkama-arka öwrenilip, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Türkmen aýdym-saz sungatyna degişli sözler şahyryň döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyryň «Ýüz bolar» atly goşgusynyň ikinji bendinde:

Saz bolmagan meýlisde,
Gürlegen hem az bolar —

diýen setirlerinde «saz» sözi getirilýär. Biziň dilimizde «saz» sözüniň birnäçe manysy bar. Bu goşguda bu söz göni manysynda getirilip, şahyr bu goşgy setirleriniň üsti bilen toý-märekede aýdym-sazyň adamlaryň göwnüni galkyndyrýan, ýüregini joşdurýan ajaýyp sungatdygyny belleýär we sazyň ýerini hiç bir zadyň tutup bilmejekdigini nygtaýar. Şonuň ýaly-da şahyr:

Magtymguly, sözlerim
Saza goşsaň uz bolar —

diýmek bilen, öz goşgularynyň halk sazlaryna goşulyp aýdym edilip aýdylsa, jüpüne düşjekdigini, saz bilen söz ýerine düşende ajaýyp aýdym eseriniň döreýändigini, goşgy saza goşulanda adamyň duýgusyna has güýçli täsir edýändigini belleýär.

 

Bir nagmakäri niçe nowalar çalyp ötdi,
Mejnuny görüň, çäki-giriban bolup ötdi,
Leýlini görüň, gunçaýy-handan bolup ötdi.

Bu goşgudaky «nagmakär» sözi arap sözi bolup, «aýdymçy, aýdym aýdýan, sazanda» diýmegi aňlatsa, nowa çalmak — «heň etmek, saz çalmak» diýen manyny berýär. Şu jähtden, Magtymguly Pyragynyň meşhur sazanda bolmasa-da, türkmeniň gadymy saz sungatynyň inçe syrlaryndan habarly bolandygyna aýdyň göz ýetirmek bolýar.

 

Meňzeş habarlar

Medeniýet Sallançagyň badyndan
17.09.2025   178
Medeniýet Geçmişden gaýdan owaz
02.03.2026   67
Medeniýet Gül Diýaryň belent waspy
25.05.2024   464
Medeniýet Şat dünýäniň saýrak bilbilleri
17.04.2024   539
Medeniýet Inçe işiň ussatlary
12.11.2025   149
Medeniýet Hywany baglan owazlar
10.05.2025   343
Medeniýet Jöwen diňi
20.11.2022   1610
image