Akyldaryň döredijiliginde şahsyýet meselesi
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Akyldaryň döredijiliginde şahsyýet meselesi

Jemgyýet
21.05.2024  528

Gündogar edebiýatynda özüniň ajaýyp we gaýtalanmajak döredijiligi bilen öçmez yz galdyran türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň edebiýat meýdanyna gelmegi hem-de onuň özboluşly şygryýet dünýäsi adamzadyň asyrlarboýy halk döredijiligidir ýazuw ýadygärliklerinde döreden edebi mirasyndan üzňe bolman, eýsem şahyryň döredijiligi şol eserler bilen aýrylmaz baglanyşyk saklaýar.

Akyldar şahyryň şygryýet ummanynyň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Onuň parasatly sözleri ähli döwürleriň nesilleri üçin terbiýe mekdebidir.

Magtymguly Pyragynyň kämil şahyrana şahsyýetiniň ýene bir aýratyn tarapy onuň türkmen edebi diliniň düýbüni tutanlygydyr. Soňky ýaşap geçen şahyrlara akyldaryň eserleri uly täsir edipdir.

Akyldar şahyryň edebi mirasy köptaraply. Onuň döredijiliginde watançylyk, durmuş baradaky garaýyşlar, ynsan terbiýesi, söýgi, gözellik, ahlaklylyk ýaly meseleler öz ornuny tapypdyr. Döredilen döwründen bäri şahyryň ençeme goşgulary saza goşulyp, aýdym bolup ýaňlanýar.

Şygyr setirlerinde pikirleriň durmuş bilen baglylykda beýan edilmegi bolsa şahyryň ussatlygyndan habar berýär. Şonuň üçin Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen halk pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmajak sütünine öwrülip, köpleriň ünsüni özüne çekýär.

Daşary ýurtlarda Magtymguly atamyzyň heýkelleriniň oturdylmagy halkyň parasadyna goýlan ýokary bahadyr. Magtymguly Pyragynyň şahsyýeti dünýäniň dürli künjeklerinden bolan türkmen medeniýetiniň taryhyny öwrenijileriň, alymlardyr edebiýatşynaslaryň, sungaty öwrenijileriň, ýazyjylaryň aýratyn ünsüni çekýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Terbiýe göreldeden başlanýar
29.07.2025   267
Jemgyýet Dabaraly maslahat
20.08.2024   372
Jemgyýet Täze sahna eseri
03.03.2025   405
Jemgyýet Aýlaryň serweri
09.03.2024   499
Jemgyýet Bagtyýar maşgalalaryň şatlygy
07.06.2024   427
Jemgyýet Halypa göreldesi — ýaşlara ýörelge
05.05.2025   337
Jemgyýet Hukuk hyzmatlary döwrebaplaşýar
26.09.2025   194
image