Akyldar şahyryň eserlerinde gözelleriň waspy
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Akyldar şahyryň eserlerinde gözelleriň waspy

Medeniýet
01.08.2024  514

Danalar danasy Magtymguly Pyragy gelin-gyzlara guwanyp-buýsanmagyň, olaryň gözelligini, edalylygyny, edep-terbiýesini wasp etmegiň nusgalyk göreldesini görkezipdir.

Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,

Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa.

Bir bakyşda aňk edýän türkmen zenanlarynyň zülmaýy barmaklaryndan dürler dökülýär. Bar zehinlerini siňdirip, yhlas bilen ajap keşdeler çekip, dünýä meşhur halylary dokamagyň hem taýsyz nusgalaryny görkezýärler. Başlary gülüstan tahýaly gözellerimiz edim-gylymy, mylaýymzadalygy bilen özüne bendi edýär. Zehin gudratynyň olaryň görküne görk goşýan milli lybaslary, dakynýan şaý-sepleri, altyn-kümüşleri bilen utgaşanda «Aperin!» diýdirýändigini şahyr «Türkmeniň» atly goşgusynda aýratyn nygtaýar:

Al-ýaşyl bürenip çykar perisi,

Kükeýip bark urar anbaryň ysy.

Gyz-gelinlerimiziň el işleri bilen olaryň egin-eşikleriniň, milli lybaslarynyň arasynda sazlaşyk, aýrylmaz baglanyşyk bar. Bu hakykata gyzyl läle bolup, seýle çykan gyz-juwanlary göreniňde ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Oňa durkuň bilen begenip, buýsanýarsyň. Adamzat kalbynyň şahyry Magtymguly Pyragy bu ajaýyp gözelligi şeýle suratlandyrýar:

Geýipdir gyzyl-ýaşyly,

Bilmen nedir ýar hyýaly.

Aşakdaky setirlerde bolsa şahyr gelin-gyzlarymyzyň kemsiz bezelen daşky gözelligi bilen içki gözelliginiň sazlaşyp, has-da owadan, asyl gözelligi, zenan asyllylygyny döredýändigini çeper beýan edýär:

Meňli hanym golun dişläp,

Bizden ki uýat eýleýir.

Kä daranyp, uz ýörişläp,

Bizden ki uýat eýleýir.

Haçanda gürrüň millilik, halkylyk, özboluşly owadanlyk barada gidende, türkmeniň hany-manyny bagyş edip, söýüp-apalaýan gelin-gyzlarynyň nepisden owadan, gelşik-ýaraşygyny artdyryp duran gyzyl-läle lybaslary, al-ýaşyl egin-eşikleri barada hem aýdan ýagşy.

Älemgoşary ýatladýan türkmen ketenisidir beýleki döwrebap matalardan ýakasy keşdelenen, ýeňli-ýanly köýnekli, başlary gültahýaly, örüm-örüm saçly ýaş juwanlarymyz, baýdak ýaly gelinlerimiz buýsanjymyz bolup, olaryň milli lybaslary mukaddeslige öwrülip milliligimize sarpamyzy artdyrýar. Bu inçeden asyl gymmatlygymyza diýseň aýawly çemeleşip onuň asyl nusgasyna şek ýetirmän geljek nesillere ýetirmek borjumyz bolup durýar.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Çaýhalta
20.11.2022   534
Medeniýet Ýaş halyçylaryň bäsleşigi
04.05.2024   533
Medeniýet Peder ýoly dowamat-dowam
12.02.2026   100
Medeniýet Halyçylar bäsleşdiler
13.05.2026   48
Medeniýet Bagtly döwrüň eýjejik gyzy
25.03.2025   430
Medeniýet «Çalsana, bagşy! — 2025»
27.08.2025   236
Medeniýet Şanly ýylyň çeper waspy
07.05.2026   54
Medeniýet Owazy äleme doldy dutaryň!
14.09.2023   503
image