Ak ýollaryň asudalygy ugrunda
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Ak ýollaryň asudalygy ugrunda

Jemgyýet
19.09.2025  193

Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň ähmiýetiniň örän uludygy hemmelere mälimdir. Çünki ol halkymyzyň asuda, abadan ýaşamagy üçin alnyp barylýan işleriň möhüm ugurlarynyň biri bolup, esasan, ynsan saglygyna, maşgala ojagynyň rahatlygyna gönükdirilýär. Şoňa görä-de, oňa işjeň ýardam bermek biziň her birimiziň borjumyz bolup durýar.

Häzirki wagtda şu biraýlygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler  giň gerim aldy. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda-da welaýat polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi bölümçesiniň işgärleri jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglygy goraýyş we beýleki edaralaryň wekilleri bilen birlikde köpçülik ýerlerinde, orta mekdeplerde, çagalar baglarynda gürrüňdeşlikleri, duşuşyklary geçirýärler, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmäge degişli çäreleri guraýarlar. Munuň özi oňat netijeleri-de berýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Kitap — köňül syrdaşym
03.06.2025   306
Jemgyýet Test barlaglary geçirildi
25.03.2026   118
Jemgyýet Arkadagyň saglyk sahawaty
28.03.2025   411
Jemgyýet Halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry
19.07.2025   329
Jemgyýet Şanly ýyl üstünliklere beslenýär
30.07.2026   87
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlanan maslahat
19.09.2024   449
Jemgyýet Milli gymmatlyklarymyza sarpa
30.06.2026   96
Jemgyýet Milli miras
19.06.2025   290
image