Ykdysady ösüşiň möhüm ugry
Dünýä tejribesine nazar aýlanyňda, ulag-logistika ulgamynyň oňaýly şertleri bolan ýurtlaryň ykdysadyýetiniň ösmegine bu pudagyň uly goşant goşýandygyny görmek kyn däl. Meselem, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe ýaly döwletler muňa şaýatlyk edýär. Elbetde, Türkmenistan döwletimiz hem şeýle uly mümkinçiliklere eýedir. Çünki ol gadymy hem-de häzirki zaman yklymara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, bu babatdaky giň hyzmatdaşlyga ukyplydyr.
Şu ýagdaýy hasaba alyp, Türkmenistan dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürdi. Olara esaslanyp BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe möhüm Kararnamany kabul edendigi mälimdir. Bu abraýly halkara guramanyň şeýle ähmiýetli resminamalarynyň sanawynda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly, köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Kararnamalar bolup, olar ulag ulgamyndaky halkara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirlendir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bellenilişi ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň Merkezi Aziýanyň geosyýasy we geoykdysady taýdan örän amatly sebitinde ýerleşmegi ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutuş dünýä ähmiýetli ulgamyny emele getirmäge şert döredýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň degişli halkara guramalar bilen bilelikde bu ugurda amala aşyrýan işleri, uly ähmiýetli taslamalary bütin adamzadyň geljegine hyzmat edýär. Demirgazyk — Günorta halkara demir ýolunyň gurulmagy, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara awtomobil ýolunyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň işe girizilmegi munuň anyk mysallarydyr.
Geçen ösüşli ýyllarda ata Watanymyzda awtomobil, howa, deňiz we demir ýollaryny öz içine alýan jemi uzynlygy 5 müň kilometrden gowrak bolan ulag-logistika ulgamynyň döredilmegi bu ugurdaky tagallalaryň beren ajaýyp netijesidir. Şonuň bilen birlikde, pudagyň ösüşiniň berk hukuk binýadynyň döredilmegi-de möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu barada aýdylanda, ýurdumyzda «Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegini bellemek zerurdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatdaky tagallalarynyň möhüm ähmiýeti we netijeliligi bellenilmäge mynasypdyr. Çünki şu döwürde olaryň giňden goldaw tapýandygyna şaýatlyk edýän köp sanly wakalar bolup geçdi. Olaryň hatarynda 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji maslahatynyň 70-nji mejlisinde 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek baradaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi aýratyn orna eýedir. Sebäbi ol 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň geçirilen güni bilen baglanyşyklydyr. Bu waka mynasybetli paýtagtymyzda guralan «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahatda hem bu babatdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meselelerine degişli düýpli teklipler öňe sürüldi. Olardan görnüşi ýaly, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesiniň döredilmegi baradaky ylalaşyklarda bellenen çäreleriň durmuşa geçirilmegi sebitiň ulag ulgamyny ösdürmekde täze sepgitlere ýetilmeginde örän ähmiýetlidir.
Belli bolşy ýaly, häzirki döwürde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli ýoluň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Geçen ýyllarda onuň Aşgabat — Tejen, Tejen — Mary bölekleriniň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi diňe bir ulag ulgamynyň işgärleriniň däl, eýsem, tutuş halkymyzyň durmuşynda uly waka öwrüldi. Elbetde, bu ýoluň tutuşlygyna işe girizilmegi halkara ulag hyzmatdaşlygynda möhüm ädim bolar. Çünki ýurdumyzyň bu ulgamyny dünýä derejesine çykarmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.