Ak ýol bolsun, «ak kerwen!»
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Ak ýol bolsun, «ak kerwen!»

Ykdysadyýet
10.09.2025  146

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda edermen babadaýhanlarymyzyň kemala getiren bereketli pagta hasylyny öz wagtynda ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 5-nji sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bu barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda bu möhüm çärä 10-njy sentýabrda girişmäge ak pata berdi hem-de il sylagly ýaşululardan «Bismilla» bilen başlap bermegi haýyş etdi.

Şu mynasybetli Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler eýwanynda welaýatyň ýolbaşçylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň, oba hojalyk işgärleriniň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi. Maslahatda welaýatyň häkimi Döwletgeldi Babaýew çykyş edip, yhlasly zähmet siňdirilip ýetişdirilen «ak altyny» ýygnamak ugrundaky işlere badalga berilmegine bagyşlanan dabara bilen hemmeleri gutlady, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza pagta ýygymyna başlamaga beren ak patasy, pagtaçy daýhanlaryň yhlasly zähmet çekmekleri, ýokary netijeleri gazanmaklaryna döredýän oňaýly mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy. Soňra çykyş edenler möwsümde öňde durýan möhüm wezipeler barada belläp, hasyl ussatlarymyza üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdiler. Çykyşlardan görnüşi ýaly, şu möwsümde welaýat boýunça 140 müň gektar meýdanda ýetişdirilen bereketli  hasyly ýitgisiz ýygnap alyp, 275 müň tonna pagtany döwlete tabşyrmak meýilleşdirilýär. Bu wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur şertler döredildi. Pagta ýygýan kombaýnlar, hasyly harmana daşamakda ulanyljak ulaglar öz wagtynda abatlanylyp, kabul ediş nokatlary gerekli enjamlar bilen üpjün edildi. Şeýlelikde, möwsümiň dowamynda işleriň bökdençsiz alnyp barylmagyna ýeterlik şert döredildi.

Welaýatda pagta ýygymyna girişilmegi mynasybetli, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, Türkmen oba hojalyk institutynda, pagta arassalaýjy kärhanasynda guralan çäreler hem gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döredip, ýakymly täsirleri galdyrdy. Olarda halkymyzyň taryhy barada maglumatlar berlip, ýaşlara hünär öwretmekde, önümçilikde ýetilen derejeler şöhlelendirildi.

Şeýle uly ähmiýetli waka bilen baglanyşykly dabaralaryň yzy Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň pagta meýdanynda dowam etdi. Bitgin gowaça düýplerindäki ak hanalar Gün nuruna öwşün atýan bu giň atyzyň töweregi toý görnüşleri bilen bezelipdir. Bu ýerde bezemen sahna, ak öýler, pagta ýygnaýan, daşaýan tehnikalaryň, ulaglaryň uzyn hatarlary halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň, oba hojalyk, dokma pudaklarynda öndürilen önümleriň, olarda ulanylýan serişdeleriň sergileri bu ýere ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Garaşylýan pursadyň gelip ýetmegi bilen, il sylagly ýaşulular welaýatymyzda pagta ýygymynda işleriň şowly, gadamlaryň batly bolmagyny dileg edip,  «Bismilla» bilen atyza girip, pagta hanalaryny ýygyp başlaýarlar. Olaryň ýagşy arzuw-dileglerine goşulan dabara gatnaşyjylar el çarpyşmalar bilen öz buýsançlaryny, guwançlaryny beýan edýärler.

«Ak altyndan» kemsiz ýüklenen bezemen ulag kerweni ýola düşüp, gadymy Köneürgenç şäherindäki döwrebap pagta arassalaýjy kärhanasynyň derwezesinden girýär. Şunuň bilen baglylykda bu ýerdäki dabaranyň hem şowhuny belende galýar, kärhananyň giň howlusyna ýygnanan toý märekesi olaryň hereketine uly guwanç bilen syn edýär. Öňden gelýän ulag ilkinji bolup terezä münensoň, onuň getiren pagtasynyň agramy ölçenilýär. Soňra onuň öz ýüküni bellenilen ýere düşürmegi bilen peýda bolan bereketli harmanyň ýanyna gelen il sylagly ýaşulular ak hanalary ýüzlerine sylyp, ýagşy arzuwlary dile getirýärler. 

Şeýle şatlyk-şowhuna, toý ruhuna beslenen dabaralar bilen welaýatlarda badalga berlen pagta ýygymy möwsüminde zähmetsöýer babadaýhanlarymyza uly üstünlikler ýar bolsun!

 

 

 

Meňzeş habarlar

image