Ak piläniň bereketli hasyly
weather dashoguz 8° C Daşoguz

Ak piläniň bereketli hasyly

Ykdysadyýet
22.05.2025  143

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda pile öndürilişini artdyrmak barada kabul edilen Karardan ugur alnyp, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň belent harmanyna 500 tonna ýokary hilli çig pile goşmak maksady bilen, şu ýylyň ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsüminde gaýratly zähmet çeken Daşoguz welaýatynyň ezber pileçi kärendeçileri bu gymmatly önümiň bereketli hasylyny ýetişdirdiler hem-de ony ýitgisiz ýygnap almaklyga öz wagtynda, guramaçylykly girişdiler. Şeýlelikde, olar ilkinji günlerden pile kabul ediş bölümlerine getirilýän piläniň möçberlerini barha artdyryp, bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda gaýratly zähmet çekýärler.

Welaýatyň Boldumsaz etrabynda hem ilkinjileriň hatarynda pile hasylyny ýygnamaklyga badalga berlip, bu babatda göwnejaý netijeleriň gazanylýandygyny bellemek bolar. Etrabyň zähmetsöýer pileçileri kabul ediş bölümlerine jemi 71 tonna pile tabşyrmagy göz öňünde tutup, bu ugurdaky işleri gyzgalaňly alyp barýarlar.

Etrabyň Gubadag şäherinde ýerleşýän 5-nji pile kabul ediş bölüminde hem häzirki wagtda bu babatda uly alada edilýändigini görmek mümkin. Bu ýerde daýhan birleşikleriniň ençemesinden getirilýän piläni bökdençsiz kabul etmek üçin ähli zerur çäreler görülýär.

Pile hasylynyň ýygnalyp başlanan ilkinji günlerinde bu ýere ýetişdiren pile hasylyny getirip, öz meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetiren başarjaň pileçiler az däl. Olaryň hatarynda etrabyň «Döwletli» daýhan birleşiginden Hoşgeldi Pirjanow 660, «Bereket» daýhan birleşiginden Dünýägözel Begjanowa 247, «Türkmenistan» daýhan birleşiginden Tylla Sarybaýewa 150, «Abadanlyk» daýhan birleşiginden Şirin Hojykowa 130 kilogram pile hasylyny tabşyrmak bilen, uly üstünlige eýe boldular. Olaryň göreldesine eýerýän pileçileriň sany barha artýar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Halal gazanç — rysgal-döwlet
29.07.2024   249
Ykdysadyýet Gök önümleriň bolçulygy ugrunda
28.07.2025   140
Ykdysadyýet Söwüt agajy
05.02.2025   721
Ykdysadyýet Bol hasyla ynam bilen
31.01.2023   253
Ykdysadyýet Bugdaý maýsalary iýmitlendirilýär
27.11.2024   235
Ykdysadyýet Tebigatyň görki — baglar
15.11.2024   200
Ykdysadyýet Yhlasly zähmetiň guwandyryjy netijeleri
22.09.2025   90
Ykdysadyýet Päk zähmetiň belent hormaty
08.11.2025   90
image