Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna badalga berildi
Türkmenistanyň Prezidenti 6-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde edermen pagtaçy kärendeçilerimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirendiklerini belläp, ýurdumyzda pagta ýygymy möwsümine ak pata berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasyndan ruhlanan Daşoguz welaýatynyň edermen pagtaçy kärendeçileri hem 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna uly ruhubelentlik bilen girişdiler.
Ak pagta halkyň milli baýlygydyr. Ýurdumyzda dokma senagatynyň esasy çig maly bolup durýan pagtanyň her ýylda bol hasyly öndürilýär. Şu ýyl hem welaýatyň edermen pagtaçy kärendeçileri 140 müň gektar meýdana gowaça ekip, ondan 275 müň tonna hasyl almagy maksat edinýärler.
Arzyly sepgide ýetmek ugrunda çekilen yhlasly zähmetiň netijesinde bu gün giň meýdanlarda ak pagtanyň bol hasyly ýetişdirildi. Pagta ýygymy möwsümine badalga berilmegi mynasybetli Daşoguz welaýat häkimliginde geçirilen maslahat dabaraly çäreleriň badalgasy boldy. Maslahatda, ilki bilen, welaýatyň häkimi Döwletgeldi Babaýew çykyş edip, pagta ýygymy möwsümine badalga berilmegi bilen ähli oba hojalyk işgärlerini, pagtaçy kärendeçileri tüýs ýürekden gutlady.
Soňra bu ýerde çykyş edenler şanly ýylda pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada aýratyn durup geçdiler. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň fewral aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandyryldy. Ýurdumyzda ýer eýelerini ykdysady taýdan goldamak maksady bilen durmuşa geçirilýän özgertmeler kärendeçi daýhanlary has-da yhlasly zähmet çekmäge höweslendirýär. Çykyş edenler bular barada hem buýsanç bilen belläp geçdiler.
Soňra kalby buýsançly bagtyýar ildeşlerimiz ajaýyp zähmet baýramçylygynyň badalga alýan ýerine — Şabat etrabynyň Sadylla Rozmetow adyndaky paýdarlar jemgyýetiniň bol hasylly pagta meýdanyna ýygnandylar. Bu ýerdäki görkana toý döwresi dabaralaryň geçirilýän esasy merkezine öwrüldi. Güýzüň altyn öwsüp, gökden dogup gelýän nurly Güneşi ak pagtaly meýdana ajaýyp öwüşgin çaýýan ýalydy.
Dabara mynasybetli dikilen ak öýleriň hatary, toý çadyrlarynda pişme bişirýän gelin-gyzlar, säher bilen ojaga ot goýberip, toý saçagynyň milli tagamlaryny taýýarlaýan aşpezler hakyky türkmen toýuny ýadyňa salýar. Dokma we oba hojalyk önümleriniň, tohumçylyk hojalyklarynda taýýarlanylan tohumlaryň dürli görnüşleriniň giň gerimli sergisi köpleriň ünsüni özüne çekdi.
Dabaranyň badalga alýan ýerinde il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen pagta ýygymy möwsümine badalga berildi.
Şowhunly el çarpyşmalaryň astynda ilkinji hanalardan ak pagtalar ýygnalyp başlandy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda edermen pagtaçy kärendeçilerimiziň yhlas siňdirip ýetişdiren bol pagta hasylyny guramaçylykly ýygnap almakda daýhanyň daýanjy hasaplanýan kombaýnlaryň 205-siniň güýjünden netijeli peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa oba zähmetkeşleriniň ýetişdiren bol pagta hasylyny soňky hanasyna çenli yrýa etmän ýygnamakda uly ýardam eder. Şeýle hem möwsümiň dowamynda 9 sany pagta arassalaýjy kärhana, 24 harmanhana, 472 meýdança we 27 sany terezi gije-gündizleýin işlediler.
Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan zähmet baýramçylygy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dabaralandyryldy. Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly kompozisiýasy has-da täsirli boldy.
Şeýle hem bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça guralan görkezme çykyşlary şowhunlylygy bilen tapawutlandy. Ýaglyga towusmak, göreş tutmak ýaly milli oýunlar hem giňden ýaýbaňlandyryldy.
Soňra ilkinji pagta hasyly ýüklenen awtoulaglar Köneürgenç etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasyna geldiler. Milli däplerimiz esasynda dabaraly ýagdaýda garşylanan pagta ýükli maşynlaryň «ak kerweni» dabara aýratyn many-mazmun çaýdy. Döwrebap pagta arassalaýjy kärhananyň giň howlusynda ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar, milli gymmatlyklarymyzyň, dokma önümleriniň sergisi, hatara dikilen ak öýler dabara milli öwüşgin çaýdy.
Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bu ýere gelenleriň göwün guşuny ganatlandyrdy. Soňra dabara gatnaşyjylar ilkinji pagta hasylyny kabul edýän tehnikalaryň hereketlerini uly höwes bilen synladylar. Şowhunly el çarpyşmalar bilen ilkinji pagta hasyly kabul edilip başlandy.
Dabara gatnaşyjylar soňra bu ýerde pagtanyň gaýtadan işlenilişi, ony çig mal derejesine ýetirmekde döwrebap kärhananyň bölümlerinde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdylar. Şeýle hem dabaranyň dowamynda öňdebaryjy pagtaçy kärendeçilere sowgatlar gowşuryldy.
Pagta ýygymyna badalga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralardan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegi, kärendeçi daýhanlarymyzyň ýerden bol hasyl alyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi dileg edilip, toý sadakasy berildi.
Welaýatda şatlyk-şowhuna beslenen dabaralar ajaýyp zähmet baýramçylygyna öwrüldi.