Bagtyýarlyk döwründe pederlerimiziň miras goýan milli gymmatlyklary, däp-dessurlary, ýol-ýörelgeleri, kesp-kärleri giňişleýin öwrenilýär, dowam etdirilýär. Bu babatda ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýoluna uly üns berlip, olary ýaş nesle ýetirmek babatynda uly tagallalar edilýär.
Pederlerimiziň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdan milli hem-de medeni gymmatlyklarynyň hatarynda senetçilik giňden ýaýrandyr we uly ähmiýete eýedir. Ene-mamalarymyzyň öý-hojalyk şertlerine niýetläp gamyşdan taýýarlan önümleri hem senetçilik işiniň bir ugry bolmak bilen, ol häzirki wagtda-da giňden dowam etdirilýär. Halk arasynda gamyşdan dokalýan önümlere «çypda», «çiý» hem diýilýär. Daşoguz welaýatynyň köp ýerlerinde gamyş çykamak işi ýörgünlidir. Welaýatyň Akdepe etrabynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky geňeşliginiň Polatly obasynyň ýaşaýjylary hem gamyş önümleriniň köp mukdaryny taýýarlap, öý-hojalyk şertlerinde netijeli peýdalanýarlar. Olar gadymdan dowam edip gelýän bu senedi halypa-şägirtlik ýoly bilen nesilden-nesle geçirýärler.
Çykamak üçin köllerde, ýaplaryň boýunda ösýän, suwdan ganyk gamyşlar saýlanyp alynýar. Çünki olar berkligi bilen tapawutlanýarlar. Olary ak öýleriň daşyna aýlamakda, keçe senetçiliginde, bassyrmalar gurlanda giňden peýdalanýarlar. Çeper elli zenanlar ak öýleriň eşiginiň daşyna aýlanýan dokama gamyşlaryň iki gyrasyna nagyş hem salypdyrlar. Öýüň daşyna dokalan gamyş aýlamak bilen, köplenç, tomus aýlary yssy howada öýüň keçesini ýokary düýrüp, tärimiň gözaralaryndan salkyn howanyň gelmegini gazanypdyrlar.
Häzirki wagtda gadymdan dowam edip gelýän şunuň ýaly milli gymmatlyklarymyz döwrüň ruhuna mahsus derejede kämilleşdirilýär.