Ak hanalaryň belent harmany
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Ak hanalaryň belent harmany

Ykdysadyýet
24.10.2025  144

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «ak altynyň» bereketli hasylyny ýetişdiren Daşoguz welaýatynyň pagtaçy daýhanlary häzirki döwürde ony ýitgisiz ýygnap almak bilen bagly möhüm işleri ýokary depginlerde dowam etdirýärler. Munuň şeýledigine olaryň ir ertirden giç agşama çenli meýdanlarda çekýän ýadawsyz zähmetlerini, üsti ak pagtadan mas ýüklenen ulaglaryň kabul ediş bölümlerine yzygiderli gelip, harmanlaryň belende göterilmegine goşýan goşantlaryny göreniňde has-da oňat göz ýetirýärsiň. Bir söz bilen aýdylanda, şu günlerde pagtaçylaryň, mehanizatorlaryň, ulag sürüjileriň agzybirlikli zähmeti çar tarapda möwç alýar.

Bu babatda Boldumsaz etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlarynyň alyp barýan işleri-de bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olar şu ýyl 850 gektar meýdanda maňlaý derini siňdirip ýetişdiren bereketli pagta hasylyny öz wagtynda ýygnap alyp, guwandyryjy netijeleriň gazanylmagyny üpjün edýärler. Birleşigiň ezber pagtaçylarynyň öňde goýlan belent sepgitlere tarap ynamly gadam urýandyklaryny bellemek mümkin.

Daýhan birleşiginiň başlygy Döwlet Öräýewiň aýtmagyna görä, hojalykda 12 sany kärendeçiler topary hereket edýär. Olaryň hasabynda bar bolan jemi 341 kärendeçiniň köpüsi şu ýyl bereketli hasyl ýetişdirmekde aýratyn tapawutlanypdyrlar. Bu bolsa olaryň onlarçasynyň şu güne çenli pagta tabşyrmak baradaky ýyllyk meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirmeklerini şertlendiripdir.

Ýylyň başyndan bäri alnyp barylýan meýdan işlerinde, ýagny ýerleri gowaça ekişine taýýarlamakda, bu möhüm çäräni öz wagtynda, ýokary hilli berjaý etmekde, gowaçalaryň idegini ýetirmekde birleşigiň Döwlet Annamyradow, Çerkez Gylyjow, Guwanç Baýramow dagynyň ýolbaşçylyk edýän 3,4,10-njy kärendeçiler toparlarynyň agzalarynyň oňat görelde görkezendiklerini gürrüňdeşimiz nygtady. Bu bolsa olaryň pagta ýygymyna hem öňdäkileriň hatarynda girişip, onuň depginini artdyrmaklaryna mümkinçilik beripdir.

Ýokarda ady agzalan, Guwanç Baýramowyň ýolbaşçylyk edýän 10-njy kärendeçiler toparynyň pagtaçy daýhanlarynyň häzirki wagtda alyp barýan işleri bilen has içgin tanyşmak miýesser etdi. Şonda mälim bolşy ýaly, şu ýyl toparyň 41 agzasy jemi 110 gektar meýdanda pagta hasylyny ýetişdirmek bilen meşgul bolupdyr. Olaryň bu babatda çeken zähmetleriniň ýerine düşendigini atyz-meýdanlaryndaky görnüşler anyk subut edýär. Sebäbi şol ýerlerde ýygymyň birnäçe sapar geçirilendigine garamazdan, hasylyň egsilmändigi bildirýär. Ýeri gelende aýdylsa, toparyň işeňňir agzalaryndan Jennet Haljanowa 4,3 gektar kärende meýdanyndan 15, Gyzlargül Allekowa gözegçilik edýän 6 gektar ýerinden 13 tonna pagta ýygnapdyr. Munuň özi olaryň Watan harmanyna pagta tabşyrmak baradaky ýyllyk meýilnamalaryna irki möhletlerde abraý bilen hötde gelendiklerini aňladýar.

Şeýle guwandyryjy üstünliklere eýe bolan zähmetsöýer kärendeçi daýhanlar birleşigiň beýleki toparlarynda-da az däl. Olardan 3-nji kärendeçiler toparyndan Azat Allanazarowyň, 4-nji kärendeçiler toparyndan Mähri Töreşowanyň, 8-nji kärendeçiler toparyndan Haýytgül Berdigylyjowanyň we beýlekileriň atlaryny tutmak ýerliklidir. Çünki şeýle başarjaň kärendeçiler her gektardan öndürilýän pagtanyň möçberini artdyrmak maksady bilen iş alyp baryp, bu babatda öňe saýlanypdyrlar.

Belläp geçişimiz ýaly, birleşigiň gowaça meýdanlarynda hasyl ýeterlik bar. Pagtaçylaryň häzirki agzybirlik bilen çekýän zähmeti bolsa atyzlardaky bol hasyly soňky hanasyna çenli ýygnap, döwlet harmanyna goşmak bilen, uly üstünliklere eýe boljakdyklaryndan habar berýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
15.11.2024   239
Ykdysadyýet Göwnejaý işleriň netijesi
29.01.2026   78
Ykdysadyýet Ak pagta — milli baýlygymyz
12.09.2024   289
Ykdysadyýet Gowaçalara ösüş suwy tutulýar
15.07.2024   290
Ykdysadyýet Şypaly hem lezzetli
21.10.2025   123
Ykdysadyýet Taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyrylýar
30.01.2023   277
Ykdysadyýet Gowaça ekişine taýýarlyk
01.03.2025   229
Ykdysadyýet Döwrebap kärhananyň üstünlikleri
13.05.2023   314
image