Ak hanalardan harman döreýär
weather dashoguz 5° C Daşoguz

Ak hanalardan harman döreýär

Ykdysadyýet
10.10.2026  107

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda 16,5 müň gektar meýdanda bereketli «ak altyn» hasylyny kemala getirmek ugrunda agzybirlik bilen zähmet çekip, bu babatda guwandyryjy netijelere eýe bolan Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň kärendeçi daýhanlarydyr daýhan hojalyklarynyň agzalary häzirki günlerde şol ýerlerde öwşün atyp, töwerege bezeg berýän ak hanalary çalt hem-de ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna goşmaklyga gönükdirilen derwaýys çäreleri öndürijilikli alyp barýarlar. Şeýlelikde, olaryň günsaýyn belende göterilýän pagta harmanlary şu ajaýyp ýylymyzy uly üstünliklere beslejekdiklerine şaýatlyk edip, hemmeleri guwandyrýar.

Şeýle möhüm işleriň etrabyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde hem giň ýaýbaňlandyrylandygyny bu ýerde bolanyňda anyk görmek mümkin. Çünki aňyrsy uzaklara uzap gidýän meýdanlarda hasyly heniz egsilmedik gowaçalary aralap, pagta ýygymy bilen meşgullanyp ýören dürli ýaşdaky adamlaryň, ony harmana daşaýan mehanizatorlaryň sazlaşykly hereketleri bu möhüm işleriň olaryň esasy aladasyna öwrülendiginden habar berýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Obanyň özgerýän keşbi
03.07.2024   475
Ykdysadyýet Baglar — sahawat çeşmesi
20.03.2026   170
Ykdysadyýet ​​​​​​​Hereketde bereket bar
08.10.2024   386
Ykdysadyýet Belent harman ugrunda
04.11.2024   348
Ykdysadyýet Şu günki alada — ertirki hasyl
15.01.2026   199
Ykdysadyýet Harman barha beýgelýär
22.10.2026   72
Ykdysadyýet Bereketli hasylyň binýady
15.10.2025   239
image