Ak bugdaýyň Watany
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Ak bugdaýyň Watany

Jemgyýet
03.02.2025  390

Änew medeniýeti diňe bir türkmen halkynyň taryhynda däl, eýsem, dünýä taryhynda, adamzat medeniýetiniň galkynyşynda hem mynasyp orun eýeleýär. Bu hakykata Türkmenistanyň  Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabynda beýan edilýän baý we taryhy edebiýatlara, ylmy çeşmelere esaslanýan maglumatlaryň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Änew medeniýeti taryhda ilkinji ekerançylyk ojagynyň dörän mesgeni, ak bugdaýyň Watany hökmünde bellidir. Bu hakykat gadymy Änew medeniýetine degişli ýadygärliklerde alnyp barlan gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, çig kerpijiň galyndylarynda dänäniň gabyklarydyr gylçyklarynyň, daýhançylyk gurallarynyň metal bölekleriniň tapylmagy bilen bütin dünýäde ykrar boldy. Taryhy maglumatlara görä, bu sebitlerde ilkinji oturymly ekerançylyk ojagy — Jeýtun medeniýeti döreýär. Geçen ýyl Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem bu sebitiň adamzadyň taryhy-medeni ösüşinde uly ähmiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda Änew medeniýetiniň taryhy, medeni aýratynlyklary, taryhy ýadygärlikleri, adamzat siwilizasiýanyň ösüşine ýetiren täsiri hakynda täsirli maglumatlar berilýär. Bu ajaýyp kitap «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplardan hem-de «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar — Bagabat — Änew», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan», «Änew medeniýeti we türki dünýä», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly bölümlerden ybarat bolup, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde hem uly gollanma bolup hyzmat edýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Maňlaýa sylmaly mukaddeslikler
21.01.2025   236
Jemgyýet Okuw maslahaty geçirildi
30.12.2025   55
Jemgyýet Dabaraly maslahat
12.09.2025   90
Jemgyýet Magtymguly Pyragy — ylham çeşmesi
20.03.2024   391
Jemgyýet Dabaraly maslahat
19.07.2025   127
image