Ak bugdaýyň bol hasyly
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Ak bugdaýyň bol hasyly

Ykdysadyýet
04.07.2024  301

Ak bugdaýyň Watany bolan eziz Diýarymyzda galla oragy guramaçylykly dowam edýär. Zähmetsöýer gallaçylaryň şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada etraplaryň birnäçe daýhan birleşiklerinden hoş habarlar gelip gowuşýar. Bu bolsa ýurdumyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmekde daýhan yhlasynyň guwandyryjy netijeleri berýändigini görkezýär.

Galla oragy möwsüminiň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «27-nji oktýabr» daýhan birleşigi hem welaýatda öňdebaryjy daýhan birleşikleriniň hatarynda uly zähmet üstünligine eýe boldy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalara beslenýän günlerinde daýhan birleşiginiň kärendeçileri meýilnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Daýhan birleşigi boýunça 640 gektarda bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmekde daýhan birleşiginde işler meýilnama esasynda ýola goýlupdyr.

Galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmekde daýhan birleşiginiň ezber kärendeçileri tagallalaryny gaýgyrmadylar. Olar ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamakda aýratyn işjeňlik görkezdiler. Birleşikde 8 sany kärendeçiler topary bolup, olaryň ählisinde möwsümiň dowamynda zerur işler geçirildi. Daýhanyň daýanjy bolan kuwwatly kombaýnlar bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnamaga ýakyndan ýardam etdiler. Daýhan birleşigi boýunça 1184 tonna bugdaýyň deregine, häzirki wagta çenli 1340 tonnadan gowrak galla hasyly Watan harmanyna tabşyryldy. Häzirki wagtda meýdanlarda galan hasyly ýygnamak işleri guramaçylykly dowam edýär. Möwsümiň dowamynda kombaýnlar iki çalşykda işledilip, hasyly harmana daşamakda hususy we edara-kärhanalaryň ýük ulaglaryndan netijeli peýdalanyldy. Galla oragy möwsüminde Şirin Rejepowa 3 gektardan 13 tonna, Isa Saryýew 6,5 gektardan 32 tonna, Azada Saparowa 1,5 gektardan 7 tonna golaý bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler. Bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işlerine hem guramaçylykly girişildi. 

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Hatarara bejergi geçirilýär
01.05.2024   290
Ykdysadyýet Ene toprakdan bereket tapan
14.01.2026   87
Ykdysadyýet Ekologiýa abadançylygyna goşant
13.11.2024   224
Ykdysadyýet Bugdaý ekişi ýokary depginde
23.09.2024   241
Ykdysadyýet Täze bina — giň mümkinçlikler
03.07.2025   203
Ykdysadyýet Ýokary hilli süýt önümleri
25.11.2024   372
Ykdysadyýet Bol pile hasyly ugrunda
07.05.2025   167
Ykdysadyýet Ykdysady ulgamdaky sanly özgertmeler
12.06.2023   347
image