Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýar. Şol özgertmeleriň baş maksadynyň halkymyzyň abadançylygyna, her bir raýatyň bähbidine, aň-biliminiň, mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilmegi ynsanperwer tutumlaryň many-mazmunyny dolulygyna açyp görkezýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz tagallasy bilen gurlan Arkadag şäheri ata-babalarymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, türkmen topragynyň gözel künjeklerinde bina eden meşhur şäherleriniň, galalarynyň şöhratly taryhynyň dowamyny aňladýan ajaýyp «akylly» şäher bolup, berkarar döwletiň güýç-kuwwatyny, ägirt uly mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär edýär. Bu şäheriň gurluşygynda dünýäniň iň ösen tejribesiniň ulanylmagyna hem-de döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berlendir. Munuň özi ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşiniň möhüm şertidir.
Arkadag şäherinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagy şäheriň özboluşly görküni bezeýär. Bilim, sungat ojaklaryna halkymyzyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy bolsa ýaş nesilleriň watansöýüjilik duýgusyny has-da artdyrýar. Şeýle döwrebap bilim we terbiýeçilik merkezlerinde döwrümiziň bagtyýar nesilleri ylym-bilim, hünär öwrenýärler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi guwançly ýagdaýdyr. Onuň binýadynda halkymyzyň şöhratly taryhynyň, milli binagärlik ýörelgeleriniň bardygy, bu ýerde şeýle şäheriň gurulmagy bilen baglylykda, onuň geljekki ösüşinde ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapýar. Halkymyzyň bagtyýar geljegini nazarlap, uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik tutumlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!