«Ak altynly» pellerdäki joşgunly zähmet
weather dashoguz 17° C Daşoguz

«Ak altynly» pellerdäki joşgunly zähmet

Ykdysadyýet
18.09.2024  244

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň pagta ýygymy möwsümine badalga berlen gününden Daşoguz welaýatynyň kärendeçi daýhanlary, daýhan hojalyklarynyň agzalary şu ýyl atyzlarda ýetişdirilen bereketli hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap alyp, Watan harmanyna goşmak ugrundaky aladalary giň gerimde ýaýbaňlandyrdylar. Şeýlelikde, häzirki günlerde etraplaryň, daýhan birleşikleriň ählisinde, «ak altynly» meýdanlarda joşgunly zähmet barha ýokary depgine eýe bolýar.

Boldumsaz etrabynyň pagtaçy daýhanlarynyň hem bu jogapkärli möwsümde aýratyn gaýratlylyk görkezýändiklerini bellemek ýerliklidir. Çünki olar 20,5 müň gektar meýdanda ýetişdirilen «ak altyny» ýygnamak işine öňdäkileriň hatarynda guramaçylykly girişip, oňa ähli gujur-gaýratlaryny gönükdirdiler. Şeýlelikde, etrabyň zähmetsöýer pagtaçylary Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanyndaky häzirki ýakymly, dabaraly günlerde öz yhlasly zähmetleri bilen oňat görelde görkezmegi başarýarlar. Munuň özi döwlet harmanyna gündelik tabşyrylýan pagtanyň barha artmagyna şert döredýär.

Pagta ýygymyny öndürijilikli alyp barmakda etrabyň «On ýyl abadanlyk», «Türkmenistan», «27-nji oktýabr», «Döwletli», «Gubadag» daýhan birleşikleriniň we başga-da birnäçe hojalyklarynyň pagtaçy daýhanlarynyň has-da tapawutlanýandyklaryny nygtamak bolar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýyş
23.01.2026   81
Ykdysadyýet Gök ekinleriň idegi ýetirilýär
05.06.2024   320
Ykdysadyýet «Repetegiň» ajaýyp gözelligi
14.08.2025   176
Ykdysadyýet Ak pagta — milli baýlygymyz
12.09.2024   291
Ykdysadyýet Bol pile hasyly ugrunda
07.05.2025   170
Ykdysadyýet Ykdysadyýetiň ösüşine goşant
19.11.2024   229
Ykdysadyýet Söwüt agajy
05.02.2025   846
image