«Ak altynda» hümmet bar
weather dashoguz 3° C Daşoguz

«Ak altynda» hümmet bar

Ykdysadyýet
31.10.2024  61

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň goldawlaryndan, döredip berýän şertlerinden ýerlikli peýdalanyp, gaýratly zähmet çekýän Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň kärendeçileri ene topraga göwnejaý hyzmat edip, ondan dürli görnüşli ekinleriň bereketli hasylyny öndürmekde welaýatda öňdebaryjylaryň arasynda tanalýarlar. Olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Watan harmanyna galla tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda üstünlikli berjaý eden bolsalar, şu günler ýetişdirilen «ak altyny» çalt we zaýasyz ýygnamak boýunça ýokary iş depginleri bilen görelde görkezýärler. Munuň oňat netijeleri berýändigini bellemek gerek.

Şu ýyl birleşikde jemi 194 sany kärendeçi daýhan özlerine berkidilen meýdanlara gowaça ekip, oňa ideg etmekde yhlasly iş alyp barypdyr. Şunlukda, onuň kadaly ösmegi, hasyl toplamagy üpjün edilipdir. Bu bolsa pagta ýygymyna göz öňünde tutulan möhletlerde badalga berilmegine hem-de ähli güýjüň gönükdirilmegine şert döredipdir. Daýhan birleşiginiň ähli kärendeçiler toparlarynyň agzalarynyň hem bu babatda işjeňlik görkezendiklerini aýtmak bolar.

Muňa mysal hökmünde Berdi Sapaýewiň ýolbaşçylygyndaky 4-nji kärendeçiler toparyny agzamak mümkin. Çünki şu ýyl bu ýerde 176 gektar meýdana gowaça tohumy atylyp, oňat gögeriş almak bilen, her bir zerur ideg çäresine aýratyn üns berilmegi atyzlarda şeýle bol hasylyň ýetişdirilmeginiň binýady bolupdyr. Topar ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, şonda bu ugurda ýeterlik tejribesi bolan köp sanly kärendeçiler öz işlerine örän jogapkärli, yhlasly çemeleşipdirler. Ýaňy ýokary hasylçy pagtaçylar hökmünde atlary agzalan Sonagül Arazmyradowa, Begnazar Täjibaýew dagynyň hem şu toparyň agzalarydygy munuň anyk delilidir.

Sözümiziň arasynda nygtaýşymyz ýaly, häzirki döwürde birleşigiň pagtaçy daýhanlary atyzlardaky ähli hasyly çalt harmana getirmegiň aladasy bilen ýaşaýarlar. Bu möhüm işde olara tejribeli mehanizatorlardan Nurnepes Çaryýew, Kakamyrat Sopyýew dagynyň we beýlekileriň ýyglan pagtany kabul ediş bölümine bökdençsiz daşamak bilen, uly kömek berýändikleri hem bellenilmäge mynasypdyr.

Elbetde, daýhan birleşiginiň pagtaçylarynyň öz öňlerinde belent maksatlary goýup, şeýle işjeň zähmet çekmekleriniň aňyrsynda Türkmenistanyň Prezidentiniň çäksiz goldawlarynyň durandygyny ýene-de bir sapar nygtap geçmek artykmaç bolmaz. Sebäbi olaryň haýsy biri bilen söhbetdeş bolsaň, bu baradaky guwanç-buýsançlaryny duýmak kyn däl. Şoňa görä-de, olaryň gymmatly baýlyk hasaplanylýan «ak altyny» iň soňky hanasyna çenli ýygnap, baky Bitaraplygymyzyň şanly baýramyna saldamly zähmet sowgady bilen barjakdyklaryna pugta ynam döreýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Hususy kärhananyň ýokary hilli önümleri
07.03.2025   32
Ykdysadyýet Mugallymyň bagy
22.08.2024   79
Ykdysadyýet Gowaça bejergisi ýokary depginde
10.08.2024   92
Ykdysadyýet Bugdaý maýsalary iýmitlendirilýär
27.11.2024   61
Ykdysadyýet Hil — esasy görkeziji
22.10.2024   69
Ykdysadyýet Bank hyzmatlarynyň gerimi giňeýär
03.04.2024   104
Ykdysadyýet Şaly oragy ýokary depginde
07.11.2024   95
Ykdysadyýet Bank hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar
17.07.2024   108
image