«Ak altyn» ussatlaryna medeni hyzmat
weather dashoguz 9° C Daşoguz

«Ak altyn» ussatlaryna medeni hyzmat

Jemgyýet
02.10.2026  27

Bereketli güýz paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap, Watan harmanynyň beýgelmegine goşant goşýan pagtaçy kärendeçileriň ruhuny götermek, iş öndürijiligini artdyrmak, olaryň günortan arakesme wagtynda dynç alşyny guramaçylykly we netijeli geçirmek üçin köptaraply medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri golaýda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşiginde etrabyň medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň we höwesjeň aýdymçylarynyň gatnaşmagyna iş üstünde guraldy.

Şol gün ýygyma gatnaşýan öňdebaryjy ýygymçylaryň we kombaýnçylaryň arasynda zähmet ýaryşlary guralyp, öňe saýlananlara ýörite sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem göçme kitaphana hyzmaty guralyp, pagtaçy kärendeçiler gündelik metbugat neşirleri we täze çykan çeper edebiýatlar bilen tanyşdyryldy.

Bu ýerde guralan aýdym-sazly çykyşlar pagtaçylaryň zähmet joşgununy artdyryp, olary ýokary zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Alma
01.04.2024   504
Jemgyýet Awaza forumy: adamzadyň bähbidi üçin
25.07.2025   288
Jemgyýet Ebedi dostlugyň dabaralanmagy
27.02.2025   357
Jemgyýet Döwrebap wezipelere bagyşlandy
24.11.2025   172
Jemgyýet Garaşsyzlyk — köňülleriň wysaly
24.09.2026   55
Jemgyýet Halk döredijiliginde bedewiň waspy
20.07.2026   98
Jemgyýet Gözel Diýar — bagy-bossan
17.07.2025   405
Jemgyýet Ýurdumyzyň beýik taglymaty
17.06.2025   327
image