«Ak altyn» harmany beýgelýär
weather dashoguz 35° C Daşoguz

«Ak altyn» harmany beýgelýär

Ykdysadyýet
19.09.2025  180

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýygym möwsümine ýokary ruhubelentlik bilen girişen Daşoguz welaýatynyň pagtaçy daýhanlary giň meýdanlarda kemala getirilen bereketli hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak ugrundaky aladalary barha giňden ýaýbaňlandyrýarlar. Mälim bolşy ýaly, şu möwsümde jemi 140 müň gektarda bu işi amala aşyrmak wezipesi durýar. Şoňa görä-de, zähmetsöýer pagtaçylar häzirki günleriň amatly pursatlaryndan ýerlikli peýdalanyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Bu hem pagta harmanlarynyň günsaýyn belende galmagyna ýardam berýär.

Bu babatda aýdylanda, Akdepe etrabynda hem giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek bolar. Munuň şeýledigini etrabyň Rejepguly Ataýew adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçylarynyň alyp barýan işleri-de aýdyň tassyklaýar. Bu daýhan birleşiginiň agzalary şu ýyl 1,5 müň gektar meýdanda bol hasyl ýetişdirip, ony ýygnamaklyga öňdäkileriň hatarynda girişdiler. Şonda bu ugurda iş alyp barýan 760-dan gowrak kärendeçiniň ählisi ilkinji günlerden ýygymyň depginini ýokarlandyrdylar. Olaryň hatarynda Guwanç Nuryýew, Ogulnabat Meredalyýewa, Umyt Meredow we beýlekiler bar. Şeýlelikde, birleşigiň pagtaçy daýhanlarynyň şan-şöhrata beslenýän ýylda uly üstünliklere eýe boljakdyklaryna ynam döredýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ösüşiň möhüm ugry
14.12.2023   359
Ykdysadyýet Tebigatyň görki — baglar
15.11.2024   276
Ykdysadyýet Meýdan işleri ýokary depginde
29.11.2025   185
Ykdysadyýet Aýgytly günlerdäki yhlasly zähmet
11.06.2026   94
Ykdysadyýet Täze bina — giň mümkinçlikler
03.07.2025   277
Ykdysadyýet ​​​​​​​Bank ulgamy
27.02.2025   312
Ykdysadyýet Bol hasylyň binýady
09.10.2024   315
Ykdysadyýet Ýeralmanyň bol hasyly
01.07.2025   264
image