Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 28-nji awgustynda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň pagta ýygymy möwsümine 9-njy sentýabrda girişmäge ak pata berdi.
Şu waka mynasybetli, Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler eýwanynda welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň, öňdebaryjy pagtaçylaryň, il sylagly ýaşulularyň, ýaş nesliň wekilleriniň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi. Belli bolşy ýaly, şu ýyl welaýatyň pagtaçy daýhanlary 140 müň gektar meýdanda iş alyp bardylar. Şeýlelikde, olarda çekilen yhlasly zähmet öz guwandyryjy netijesini hem berdi. Öňde duran möwsümde bolsa ýetişdirilen hasyly çalt hem-de zaýasyz ýygnap, döwlet harmanyna goşmak esasy wezipe bolup durýar. Munuň üçin zerur bolan ähli taýýarlyk işleri şu mahala çenli gyzgalaňly dowam etdirilip, meýilnamada bellenilen çäreleriň doly ýerine ýetirilmegi gazanyldy. Şonda welaýatymyzyň çägindäki pagta arassalaýjy kärhanalaryň 10-synda, kabul ediş bölümleriniň, harmanhanalaryň 50-ä golaýynda abatlaýyş işleri geçirilip, olar ölçeg-barlag enjamlary, beýleki serişdeler bilen üpjün edildi.
Welaýatda şu ýylyň pagta ýygymy möwsümine badalga berilmegine bagyşlanylan çäreler welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, Türkmen oba hojalyk institutynda, pagta arassalaýjy kärhanada hem guraldy. Olara gatnaşyjylar halkymyzyň taryhyna degişli gymmatly tapyndylar, gadymy oba hojalyk gurallary bilen gyzyklanyp, talyplaryň çuň bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin döredilen şertler, tohumlyk gowaça çigidiniň taýýarlanylyşy bilen ýakyndan tanyşdylar.
Welaýatyň Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanynda şu waka mynasybetli guralan toý çäresine köp adam ýygnandy. Dabaranyň iň gyzgalaňly pursadynyň gelip ýetmegi bilen, welaýatda pagta ýygymy möwsüminiň üstünliklere beslenmegi arzuw edilip, il sylagly ýaşulularyň bir topary ak fartuklary dakynyp, gunduz ýaly ak hanalary ýygýarlar.
Soňra Köneürgenç şäherindäki döwrebap pagta arassalaýjy kärhanada «ak altyn» ýüklenen bezemen kerweni garşy almak dabarasy geçirildi. Kärhananyň derwezesinden ilkinji ulagyň girmegi bilen, bu ýerdäki şatlyk-şagalaň has-da artdy. Pagta ýükli ulag ölçeg enjamyndan geçip, ilkinji ak hanalary harmana düşürensoň, il sylagly ýaşulular olary maňlaýlaryna sylyp, birek-birege, pagtaçy daýhanlarymyzyň adyna gutlag sözlerini aýtdylar. Şeýlelikde, hemmelerde ýakymly täsirler galdyran dabaralar bilen welaýatda şu ýylyň pagta ýygymyna guramaçylykly girişildi.