Ajaýyp şygryň nurly ýalkymy
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Ajaýyp şygryň nurly ýalkymy

Jemgyýet
17.01.2025  428

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusy täze taryhy döwürde berkarar döwletimiziň bütin dünýäde uly ähmiýete eýe bolýan parahatçylyk, ynanyşmak we hoşniýetlilik ýörelgesini, baky Bitaraplyk syýasatyny has-da dabaralandyrýan ajaýyp eserdir. Bu şygyr gözel Diýarymyzda amala aşyrylýan beýik işlere öz goşandyny goşýan bagtyýar halkymyza ruhy joşgun bagyşlaýar. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp goşgusy, şeýle hem şanly ýylyň şygary mynasybetli geçirilýän dabaralaryň, maslahatlaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek mümkin.

Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň hem-de «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň guramagynda welaýat kitaphanasynda geçirilen döredijilik duşuşygy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusyna bagyşlanyp, bagtyýar halkymyzyň belent buýsanjynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Onda guralan çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp şygrynyň täze taryhy döwürde şanly ýylyň şygaryna, dünýäniň parahatçylyk senasyna öwrülendigi hakynda aýratyn nygtaldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Döwletliligiň binýady
10.08.2026   65
Jemgyýet Bagtyýar maşgalalaryň şatlygy
07.06.2024   423
Jemgyýet Şöhraty jahana dolan Pyragy
18.12.2024   386
Jemgyýet Şa serpaýyň eýeleri
11.11.2025   208
Jemgyýet Halkara olimpiadanyň ýeňijileri
05.04.2024   537
Jemgyýet Söz dünýäsine seýran
02.12.2025   170
Jemgyýet Milli sportuň dabaralanmasy
08.11.2024   418
image