Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň toýly günlerde çapdan çykan «Hakyda göwheri» atly gymmatly kitaby halkymyz üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Halkymyzyň şöhratly taryhy hem-de edebi mirasy hakyndaky toplanan maglumatlarynyň jemi we oguz edebiýatynyň ähmiýetini açyp görkezmekde gymmatly çeşme bolup durýan täze eseriň many-mazmunyny wagyz etmek boýunça häzirki wagtda dürli çärelere, tanyşdyrylyş dabaralaryna giň orun berilýär.
Daşoguz welaýat kitaphanasynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik hem Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň ähmiýeti barada pikir alyşmak hem-de onuň many-mazmunyny halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmekde öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirildi. «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň, welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen söhbetdeşlikde «Taryha syýahat», «Ruhy miras» atly baplary düzýän bölümlerde häzirki ýokary derejede ösen döwletimiziň şöhratly taryhy barada gyzykly maglumatlaryň täsirli beýan edilmeginiň Gahryman Arkadagymyzyň çuň zehininiň we her bir okyja güýçli täsirini ýetirip biljek aýratyn döredijilik ussatlygynyň hakyky subutnamasy bolup durýandygy barada aýdyldy. Milli Liderimiziň gymmatly kitaplarynyň üstüni ýetiren bu eseriň türkmen hem iňlis dillerinde neşir edilmegi türkmeniň şöhratly geçmişiniň, bagtyýar şu gününiň we ýagty geljeginiň bitewüligine, beýikligine tutuş dünýäniň akyl ýetirmegine mümkinçilik döredýändigi buýsanç bilen nygtaldy. Dürli ýaşdaky, şeýle hem dürli halklaryň okyjylary üçin niýetlenen bu ajaýyp eseriň ösüşli menzillerde ýolgörkeziji şamçyraga öwrüljekdigi bellenip, şeýle ajaýyp kitaby halkymyza peşgeş berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy. Şeýle hem täze eseriň mazmunyny giň okyjylar köpçüligine wagyz etmekde öňde durýan wezipeler barada durlup geçildi.