Ajaýyp Döwrüň görkana obalary
weather dashoguz 5° C Daşoguz

Ajaýyp Döwrüň görkana obalary

Jemgyýet
07.10.2026  101

Ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň çäginde hem birnäçe durmuş-medeni maksatly binalar, önümçilik kärhanalary gurlup ulanmaga berlip, obalarymyzyň keşbine üýtgeşik gözellik çaýylýar. Şolaryň hatarynda etrabyň Ýagtylyk geňeşligi täze taryhy döwürde abadançylygy, agzybir ilaty we batly ösüşleri bilen tanalýan döwrebap obalary özüne birleşdirýär.

Ýagtylyk geňeşliginiň häzirki keşbi güneşli Diýarymyzyň oba hojalyk we durmuş-ykdysady syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Ol çägi we ilaty boýunça etrapda uly geňeşlikleriň biri bolup durýar. Atalyk, Gumlydepe, Boýunbaş, Akguýy, Garakly, Yzmykşir obalarynyň ýaşaýjylary halal zähmet çekip, ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Geňeşligiň çäginde gurulýan we hereket edýän döwrebap binalar, medeni-durmuş maksatly desgalar oba ýaşaýjylarynyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Döwrebap mekdepler, saglyk öýleri iň täze enjamlar bilen üpjün edilip, ýaş nesliň kämil bilim almagyna hem-de ilatyň saglygyny goramaga hyzmat edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde geňeşligiň Atalyk obasynda 620 orunlyk 44-nji orta mekdebiň, Gumlydepe obasynda bolsa 640 orunlyk 45-nji orta mekdebiň binalary gurlup ulanmaga berildi. Bu bilim ojaklarynda ýaş nesilleriň dünýä derejesinde bilim we terbiýe almagy, kompýuter tehnologiýalaryny we daşary ýurt dillerini kämil özleşdirmegi üçin ähli şertler döredilen.

Ilatyň saglygyny goramak we olara ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen gurlan täze saglyk öýi oba durmuşyna aýratyn röwüş çaýdy. Iň täze lukmançylyk tehnologiýalary, anyklaýyş we bejeriş enjamlary bilen üpjün edilen bu saglyk öýi oba ýaşaýjylaryna ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny almaga mümkinçilik berýär. Geňeşligiň çäginde hususy telekeçiligiň ösdürilmegine, gurluşyk materiallarynyň önümçiligine uly üns berilýär. Bu ýerde gurluşyk pudagy üçin iň zerur önümleriň biri bolan ýokary hilli kerpiçler öndürilip, olar sebitde barha giňäp gidýän gurluşyk meýdançalaryny zerur serişde bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegine saldamly goşant goşulýar.Geňeşligiň daýhanlary bolsa «ak altynyň», galla we bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirip, ýurdumyzyň azyk bolçulygyna uly goşant goşýarlar. Oba hojalygynyň esasy pudaklarynyň biri bolan ýüpekçilikde hem geňeşligiň zähmetsöýer ýaşaýjylary ajaýyp üstünlikleri gazanmagy başardylar. Şertnama esasynda 6,2 tonna gymmatly çig malyň deregine, erjellik we uly yhlas bilen irginsiz zähmet çeken oba ilaty 7.5 tonna golaý ýokary hilli pile tabşyryp, etrapda birinji ýere, baýrakly orna mynasyp boldular. Hasyl ussatlarynyň gazanan bu guwandyryjy zähmet ýeňşi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk ýubileý toýuna zähmet sowgady boldy. Täze ýollar, arassa agyz suwy, tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçilik obanyň her bir ojagyna gurp we bereket eçilýär. Internet ulgamynyň we sanly hyzmatlaryň oba ýerlerine ornaşdyrylmagy bolsa ilatyň döwür bilen aýakdaş gitmegine giň şertleri döredýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ömrüň bahary
25.02.2025   397
Jemgyýet Dabarasy dünýä dolan şanly ýyl
23.12.2025   202
Jemgyýet Şanly toýa bagyşlanan maslahat
06.12.2025   209
Jemgyýet Üstünliklere beslenýän ulgam
07.10.2025   236
Jemgyýet Röwşen ykbally ýaşlar
28.10.2026   69
Jemgyýet Dabaraly maslahat
30.09.2026   93
Jemgyýet Ebedi dostlugyň dabaralanmagy
27.02.2025   383
Jemgyýet Saglygym — baş baýlygym
07.04.2026   147
image