Ajaýyp döwrümizde aýdym-saz sungatyna, milli medeniýetimize uly sarpa goýlup, ýaş zehinleri ýüze çykarmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde her ýyl geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda bu telebäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry göwün göteriji pursatlara beslendi.
Daşoguz şäheriniň görküne görk goşup oturan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki dabaralar meýdançasyna jemlenen bagtyýar ildeşlerimiz bäsleşige gatnaşýan höwesjeň aýdymçylary uly joşgun bilen garşyladylar. Bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyryna gatnaşýan höwesjeň aýdymçylaryň 10-sy bellenen şertlere görä, öz saýlan aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Olaryň ata Watanymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdymlary köňüllere ruhy lezzet paýlady. Eminler topary höwesjeň aýdymçylaryň ýerine ýetiriş ussatlygyna, ukyp-başarnygyna we olaryň sahnada özlerini alyp baryşlaryna adalatly baha berdi.
Netijede, Köneürgenç etrabyndan Yhlas Atekäýew we Akdepe etrabyndan Röwşen Kakaýew bäsleşigiň ýeňijisi bolup, bu telebäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy