Türkmenistan gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, dünýä döwletleriniň arasynda ulag-üstaşyr gatnawlaryň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. Munuň özi halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, ulag-logistika ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, täze demir, deňiz-derýa, howa ýollaryny, portlary, menzilleri gurmak babatda uly işler amala aşyrylýar.
Golaýda ýurdumyzyň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan «Gadamly» atly gury ýük gämisiniň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýüzüşe goýberilmegine bagyşlanan dabaranyň guralmagy, oňa hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy ata Watanymyzyň, halkymyzyň durmuşynda uly waka boldy. Çünki ol Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyny, şonuň bilen birlikde-de, türkmen gämi gurluşykçylarynyň ýeterlik tejribä eýe bolup, öz ugurlary boýunça giň gerimli işleri amala aşyrmaklyga uly mümkinçilikleriniň bardygyny äşgär etdi.
Hormatly Prezidentimiz dabarada eden çykyşynda ýurdumyzda gämi gurluşygynda gazanylýan üstünlikler barada aýtmak bilen: «Munuň özi döwrebap ýük gämileriniň gurluşyk işlerini alyp barmakda uly ähmiýete eýedir. Bu günki gün ýurdumyzda ýük gämisini gurmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär» diýip, uly guwanç bilen belledi. Bu aýdylanlaryň anyk mysaly hökmünde «Gadamly» gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegini görkezmek bolar.
Maglumatlara görä, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary, kämil enjamlary bilen üpjün edilen bu gäminiň umumy ýük göterijiligi 6100 tonna barabardyr. Bu onuň her biri 20 tonnalyk 240 sany ýük konteýnerini kabul edip hem-de daşap bilýändigini görkezýär. Bu gäminiň gurluşygynyň koreýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýerine ýetirilmegi bolsa biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanýandygynyň, halklarymyzyň dost-doganlygynyň has-da berkeýändiginiň alamatydyr.
Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda şeýle ajaýyp wakalar yzygiderli bolup geçýär. Olar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejesinde hem uly goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň durmuşyndaky taryhy wakalar ata Watanymyzyň gülläp ösüşleriniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen tagallalaryň aýdyň nyşanydyr.