Ählumumy parahatçylygyň belent ykrarnamasy
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Ählumumy parahatçylygyň belent ykrarnamasy

Jemgyýet
12.12.2025  101

Welaýatymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý senesi ýokary ruhubelentlikde bellenip geçildi

Halkara Bitaraplyk güni hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýer ýüzünde abadan ýaşaýşy binýat etmegiň belent ykrary bolan Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagymyza 30 ýyl doldy. Türkmen Bitaraplygy halkymyzyň köpasyrlyk dost-doganlyk, agzybirlik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň dowamaty bolup dünýä ýüzüne şuglasyny çaýýar. Halkara derejesinde giňden bellenilýän baýramçylyk günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly» atly kitabynyň çapdan çykmagy halkymyza ajaýyp toý sowgady boldy. Bu bolsa baýramçylyk mynasybetli guralýan dabaralaryň mazmun baýlygyny has-da artdyrýar. Şeýle hakykat welaýatymyzda giň gerim berlen maslahatlarda, söhbetdeşliklerde, aýdym-sazly dabaralarda öz beýanyny tapdy.

Halkara derejesinde bellenilýän baýramçylyk gününiň ir säheri welaýat merkeziniň iň gözel künjekleriniň biri bolan Baş baýdak meýdançasyna ildeşlerimiz agzybirlik bilen ýygnandylar. Welaýat häkimliginiň guramagynda geçirilen dabara häkimligiň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar, ýaşuly hem ýaş nesliň wekilleri gatnaşdylar. Bezemen meýdançanyň baýramçylyk keşbini has-da görklendirýän adamlaryň ýüzlerindäki buýsanç hem şatlyk alamatlary, bagtyýar durmuşymyza şükranalyklaryny hem hoşallyklyklaryny mese-mälim görkezýär.

Bellenen wagtyň gelip ýetmegi bilen, Döwlet senamamyzyň belent owazynyň astynda Döwlet baýdagymyz ýokary galdyryldy. Hemmeler ellerini gursagyna goýup, oňa ruhubelentlik bilen goşuldylar.

Merdana halkymyzyň milli buýsanjy bolup, al-asmanda pasyrdaýan ýaşyl Tugumyzyň astynda baýramçylyk dabarasy dowam etdi. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalar bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň halkymyz, şol sanda tutuş adamzat üçin gadyr-gymmaty dogrusynda, ata Watanymyzyň halkara hukuk derejesiniň esasynda geçen 30 ýylyň dowamynda halk bähbitli, ählumumy parahatçylygyň, dost-doganlygyň hatyrasyna amala aşyrylan işler barada täsirli gürrüň edildi.

Buýsançly söhbetleriň dowamy welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlaryna utgaşdy. Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň edebi-sazly çykyşy tanymal aýdymçylaryň, ýaş ýerine ýetirijileriň bagtyýar zamanamyzy, Bitarap Watanymyzy, halkymyzyň asuda durmuşyny, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerini wasp edýän ajaýyp aýdymlary, olara sazlaşykly ýerine ýetirilen owadan tanslar dabaranyň ajaýyp pursatlarynyň mazmunyny baýlaşdyrdy hem-de joşgunly kalplara buýsanç eçildi. Ähli medeniýet we sungat işgärleriniň bilelikde ýerine ýetiren joşgunly aýdymy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk bolup ýaňlandy. Belent owazlar bilen utgaşyklylykda al-asmana uçurylan ak kepderiler türkmeniň parahat ýaşaýşynyň kepiline öwrüldi, owadan şarlar bolsa, türkmeniň baky bagtyýarlygyny äleme buşlap alyslara ýol saldy.

***

Soňra baýramçylyk dabarasy welaýat kitaphanasynyň toý lybasyna beslenen meýdançasynda dowam etdi. Baýramçylygyň ruhy joşgunyny eçilýän özboluşly aýratynlyk bu ýere ýygnanan ýaşuly nesliň wekilleriniň, ýaşlaryň, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlaryň kalplaryna bagtyýarlyk çaýdy. Medeniýet we sungat işgärleri türkmen Bitaraplygynyň bu günki gün tutuş adamzady bir maksatda birleşdirýän beýik gudratdygyny beýan edýän ajaýyp aýdymlary, owadan tanslary ýerine ýetirdiler. Baýramçylyga bagyşlanyp giň häsiýetde geçirilen dabarada halklaryň arasynda dost-doganlygyň berkemegi, ata Watanymyzyň dünýä içre belent hormata eýe bolmagy ugrunda yzygider tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Täze ýylyň şatlykly dabaralary
07.01.2025   299
Jemgyýet Gymmaty egsilmejek ruhy hazyna
06.01.2025   339
Jemgyýet Geňeşli iliň döwletli tutumy
19.08.2024   319
Jemgyýet Salamlaşmak edebi
21.01.2026   107
Jemgyýet Dünýä dursun parahat!
16.07.2025   1594
Jemgyýet Sagdyn bedende — sagdyn ruh
03.04.2026   70
Jemgyýet Hoş geldiň sen, Täze ýyl!
08.01.2025   471
Jemgyýet Okuw maslahaty guraldy
18.03.2024   471
image