Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgeleri, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ýurdumyzda ynsan bähbitlerini nazarlaýan, ilatyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işler jemgyýetde täze garaýyşlary kemala getirýär. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmagyň özeninde halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, beden we ruhy sagdynlygy babatda durmuşa geçirilýän tagallalar öz beýanyny tapýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, köpçülikleýin sporty, işjeň dynç alşy ösdürmek, her bir raýatyň şahsy durmuşyna sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna hormat goýmak duýgularyny terbiýelemek babatda uly işler alnyp barylýar. Milli saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylmagy halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna hem düýpli ýardam berýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň hyzmatdaşlarynyň hatarynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Adamyň immun ýetmezçilik sindromy boýunça birleşen meýilnamasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy we beýleki guramalar bar.
Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji iýulynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň agzasy boldy. Geçen döwrüň içinde ýurdumyz guramanyň ilatyň saglygyny goramak, oňa howp salýan faktorlary aradan aýyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny halkara derejesinde ösdürmek babatda maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşyp gelýär.
7-nji aprelde bolsa bütindünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk gününi belleýär. Milli senenamamyza girizilen bu baýram jemgyýetimiziň sagdynlygyny, agzybirligini, jebisligini özünde jemleýän baýram hökmünde eziz Diýarymyzda döwlet derejesinde giňden bellenilýär.