Ählihalk bag ekmek dabarasy ruhubelentlige beslendi
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Ählihalk bag ekmek dabarasy ruhubelentlige beslendi

Ykdysadyýet
23.03.2026  37

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 13-nji martynda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, 21-nji martda Garaşsyz ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem ýazky bag ekmek möwsümine badalga berilmegi mynasybetli uly dabara guraldy. Ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän meýdany ajaýyp baýramçylyk görnüşlerine beslendi. Bu ýere Daşoguz welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, işgärleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, talyp ýaşlar ýygnandylar.

Giň meýdanyň bir tarapyndaky bezemen sahnanyň öňündäki meýdançada welaýatyň sungat ussatlarynyň, zehinli aýdymçylarynyň, tansçylarynyň joşgunly çykyşlary ir ertirden ýaýbaňlanyp, dabara gatnaşýanlaryň ruhuny belende göterdi. Olaryň ata Watanymyzy, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, parahatçylygy, päk zähmeti wasp edýän şirin aýdym-sazlarynyň owazlary, çalasyn tanslarynyň täsirli görnüşleri bu ýere ýygnananlaryň kalbynda ýakymly duýgulary döretdi. Dabara gatnaşyjylar sahnanyň gapdalynda ýaýbaňlandyrylan halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň, owadan gülleriň, ezber suratkeşleriň çeken suratlarynyň, ýurdumyzda neşir edilen kitaplaryň, gazet-žurnallaryň sergilerine tomaşa edip, uly ruhy lezzet aldylar.

Dabaranyň pursadynyň ýetip gelmegi bilen, il sylagly ýaşulularyň «Bismilla» bilen başlap bermeklerinde dabara gatnaşyjylar bag nahallaryny ekmäge girişdiler. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda dürli ýaşdaky, kärdäki adamlaryň, aýratyn-da, ýaş çatynjalaryň hem bolmagy aýratyn ýatda galyjy waka öwrüldi. Bag nahallarynyň ekilmegi bilen bir hatarda ozal bar bolan baglara ideg hem edildi. Yhlas bilen oturdylan bag nahallary giň meýdana ajaýyp bezeg berdi. Bu ekologik çäre welaýatda bag ekmek ýaly sogaply işe badalga berip, oňa gatnaşyjylary ýazky möwsümde has-da joşgunly zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Giň ýaýladaky zähmet joşguny
11.10.2025   129
Ykdysadyýet Hasyl ýangyndan goralmalydyr!
03.09.2025   207
Ykdysadyýet Taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyrylýar
30.01.2023   277
Ykdysadyýet «Repetegiň» ajaýyp gözelligi
14.08.2025   173
Ykdysadyýet Bereketli ekiniň idegi ýetirilýär
02.07.2024   289
Ykdysadyýet Gowaça ekişi gyzgalaňly barýar
16.04.2024   295
Ykdysadyýet Bugdaý ekişi ýokary depginde
23.09.2024   241
Ykdysadyýet Mugallymyň bagy
22.08.2024   310
image