Ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, döwletimiziň ähli pudaklarynyň yzygiderli ösdürilmegini gazanmak ugrunda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Täze taryhy döwürde bu amala aşyrylýan dünýä nusgalyk beýik işler bilen döwlet durmuşynyň ähli pudaklarynda eýelenýän belent sepgitler gözel ülkämiziň ykdysady kuwwatyny artdyryp, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün edýär. Halkymyzyň abadan, asuda, parahat, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen asylly ýörelgeleriň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Nurana geljegi nazarlaýan häzirki ajaýyp döwrümizde Halk Maslahatynyň esasy maksady we wezipesi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir raýatynyň hukuklaryna aýratyn hormat goýmak bilen, jemgyýetimizde halkymyzyň tekliplerini diňläp, öňde goýlan belent maksatlara ýetmek ugrunda netijeli işleri bilelikde durmuşa geçirmekden ybarat bolup durýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty asyrlaryň dowamynda şöhratly taryhymyzda beýik işleri bitiren merdana ata-babalarymyzyň agzybirligi, bir döwletde jem bolup, bir supranyň başyna üýşüp, tutumly işleriň başyny başlamak babatyndaky milli ýörelgeleriniň dowamatydyr. Şeýle ynsanperwer, asylly ýörelgeleriň biziň häzirki günlerimizde dowam etdirilmegi döwletlilikden, döwletiň berkararlygyndan, jemgyýetiň jebisliginden nyşandyr.
Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ata Watanymyzyň asudalygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň ýene bir ýola aýdyň ýüze çykmasy bolup, döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýuny toýlaýan berkarar ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine ajaýyp öwüşgin çaýar. Döwletli işlere, tutumly başlangyçlara geňeşli maslahatyň netijesinde badalga berler. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, bu ählihalk forumynda ýaşulularyň maslahatlary we teklipleri diňlenilip, şolaryň esasynda döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli çözgütler kabul ediler. Çünki Halk Maslahaty döwrüň ruhuna kybap gelýän, jemgyýetiň talaplaryna we onuň ykdysady, syýasy we medeni ösüşiniň wezipelerine, döwletiň halkara hyzmatdaşlygyndaky ornuny berkitmek ugrunda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatyna laýyklykda netijeli işleri amala aşyrýarHäzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Raýatlaryň isleg-arzuwlaryny, meselelerini öwrenmek we olar boýunça teklipleri taýýarlamak hem taýýarlyk işleriniň çäginde möhüm ähmiýete eýedir. Biz — jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk etmeginde 20-nji awgustda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň çözgütlerinden gelip çykýan wezipeleri we Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhyny, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini ilata düşündirmäge işjeň gatnaşýarys.