Ýurdumyzda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösüşleri ýokary derejelere göterilip, dünýä ýüzünde meşhurlyga eýe bolýar. Halkymyzyň sadadan gelen gurluşa eýe bolan, jadylaýjy owazy bilen ilkinji gezekde göreni we diňleýjini özüne maýyl edýän saz gurallarynyň biri hem gopuzdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ile döwlet geler bolsa...» atly ajaýyp eserinde bu saz guraly barada şeýle diýilýär: «Türkmenlerde gopuz jenneti owazlary berýän mukaddes saz guraly hasaplanylýar».
Gadymy we giňden ýaýran saz gurallarynyň biri bolan gopuz dünýäniň 200-den gowrak halkynyň milli saz guraly hasaplanmak bilen, türkmen halkynyň hem iň gadymy saz gurallarynyň biridir. «Gop», «uz» diýen söz birikmelerinden emele gelen «gopuz» sözi «belent owaz» diýen manyny berýär. Inçeden gelen jadylaýjy owaz çykarýan gopuz, esasan hem, gyzlaryň saz guraly bolupdyr. Türkmen gyzlarynyň ählisiniň bukjasynda gopuzyň bolmagy bolsa olaryň gopuz çalmagy başarandyklaryndan habar berýär. Ir döwürlerde gyzlar üýşüp, üme edip, el işlerine meşgul bolanlarynda, gaýma gaýanlarynda, keşde çekenlerinde gezekleşip gopuz çalypdyrlar. Gopuzyň şirin owazy gyzlaryň ruhuny göteripdir, ýadawlygyny aýrypdyr. Hatda on-on iki ýaşlyja gyzjagazlar hem gopuz çalmaklyga, gopuzly bolmaklyga höwes edipdirler. Şol ýaşdaky gyzjagazlar üçin gopuz iň gymmatbaha sowgat bolupdyr. Köplenç halatlarda gyzlar gopuzy alaja baga berkidip, boýunlaryndan asypdyrlar. Bu täsin saz guraly häzirki günlerde hem ulanylýar. Onuň täsin taraplarynyň ýene-de biri, gopuz çalmagy öwrenmek üçin ýörite mekdeplere, sungat ojaklaryna gatnamak hökman däl. Bu uly ýaşly gyzlar tarapyndan kiçi ýaşly gyzlara öwredilip gelnipdir. Ýöne türkmen gyzlarynyň gopuzda çalýan sazlaryna diň salanyňda, olaryň bu ugurdan ýörite mekdep gutaran ýaly, kämil derejä ýetendikleriniň şaýady bolýarsyň. Bu saz guraly diňe bir türkmen halkynda meşhur bolman, türki halklaryň ählisinde hem duş gelýär. Ýöne halklaryň milli medeniýetiniň bir kökden ýaýrandygyna garamazdan, türkmen gopuzynyň sazlarynda mese-mälim aýratynlyklary duýmak bolýar. Türkmen tebigatyna mahsus bolan guşlaryň saýraýşyna, türkmen halylary dokalanda emele gelýän kerweniň jaňynyň sesine meňzedilip döredilen sazlar diňe türkmen gyzlarynyň gopuzlarynyň sazlarynda gabat gelýär. Bu hem bolsa bu sadaja saz guralynda ýerine ýetirilýän sazlaryň gadymyýetden habar berýän gymmatly mirasdygyna şaýatlyk edýär. Gadymda obalarda gopuz ýasaýan ussalar bolupdyr we bu hünär nesilden nesle, halypadan şägirde geçirilip gelnipdir.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň toý-baýramlarynda, geçirilýän baýramçylyk dabaralarynda, medeni çärelerde beýleki milli saz gurallarymyz bilen bir hatarda, gopuzyň jadylaýjy owazy belentden ýaňlanýar. Bu bolsa milli sungatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň güwäsidir.