Agajy işläp bejermek sungaty
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Agajy işläp bejermek sungaty

Medeniýet
02.01.2023  692

Senetçiligiň asyrlar içre arzylanyp gelnen kämil görnüşleriniň biri hem agaç ussaçylygydyr. Halkymyzyň ruhy dünýäsinde bu sungata ähmiýetli orun degişlidir. Ata-babalarymyz agaç ekmegi, ony ösdürip ýetişdirmegi sogap iş hasaplapdyrlar. Munuň şeýledigini «Agaç jennetden çykypmyş», «Agaçly obany sil almaz», «Agaç ýapragy bilen görkli» ýaly halk aýtgylary, nakyllar hem tassyklaýar. Türkmen halkynyň agaçdan ýasalan owadan önümleri hem milli sungatymyzyň gadymdan gelýän görnüşidir. Olaryň özüne mahsus aýratyn gözelligi bar. Agaçlary ýetişdirmek, olardan dürli çig mallary, önümleri taýýarlamak binagärlik medeniýeti bilen berk baglydyr.

Arheologik maglumatlara görä, mundan 7-8 müň ýyl ozal gurlan jaýlaryň üsti agaç pürsler bilen basyrylypdyr. Gümmezleriň, köşkleriň öňünde gurlan eýwanlaryň sütünleri hem agaçdan ýasalypdyr. Suw desgalary, dürli görnüşli zähmet gurallary, öý hojalygynda ulanylýan enjamlar — jykyr, nowa, ýag taýýarlamak üçin ulanylýan juwaz, ýük araba, gaýyk, naw kejebe, sandyk, aştagta, oklaw, kersen, çemçe, susak, dürtgüç, bedew atlaryň eýeri, howut, gaňňa ýaly gündelik durmuşda peýdalanylýan esbaplar agaçdan ýasalypdyr. Halkymyzyň milli guwanjy bolan ak öýleriň süňňüniň agaçdan bolmagyny hem bu sungatyň gazanan beýik üstünlikleriniň biri hasaplamak bolar.

Türkmen agaç ussasynyň döreden dutardyr gyjak we beýleki milli saz gurallary halkymyzyň köňül joşgunyny ajaýyp heňde ýüze çykarmagy başaran täsin sungat eseridir. Söýgüli saz guralymyz bolan şirin owazly dutarymyz hem tut agajyndan ýasalýar. Gözelligi duýýan, ondan lezzet alýan dutarçy ussanyň elinde tut agajy ajaýyp esere, ýagny hoş owaz paýlaýan dutara öwrülýär.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Täze taryhy döwrüň medeni galkynyşy
30.06.2025   298
Medeniýet Halypany hatyralap
13.04.2024   583
Medeniýet Guwlar gelipdir...
21.05.2026   114
Medeniýet Nazar baga
12.05.2026   132
Medeniýet Gadymy we şöhratly Änew
15.03.2024   730
Medeniýet Ata kesbine eýeren
23.01.2026   176
Medeniýet Çaýhalta
20.11.2022   589
image