Adamzat mirasyna öwrülen gözellikler
weather dashoguz -8° C Daşoguz

Adamzat mirasyna öwrülen gözellikler

Ykdysadyýet
20.11.2024  32

Ata Watanymyz Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolup durýar. 1994-nji ýylda ol bu guramanyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak baradaky» Konwensiýasyna hem goşuldy. ÝUNESKO medeni ýadygärlikleriň we tebigy landşaftlaryň gorap saklanylmagy babatdaky halkara hereketlerinde öňdebaryjy orny eýeleýär.

Biziň ýurdumyz Bütindünýä mirasynyň, şol sanda tebigy mirasynyň sanawyny baýlaşdyrmak boýunça ÝUNESKO bilen özara işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirýär. 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy we Täjigistan Respublikasy bilen bilelikdäki «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi», Özbegistan Respublikasy we Gazagystan Respublikasy bilen bilelikde taýýarlan «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraply hödürnamalarynyň esasynda ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalary, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasy we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary guramanyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna girizildi. Bu işler «Çöller boýunça Merkezi Aziýa başlangyjy» atly taslamanyň çäklerinde geçirildi. Onuň maksady Merkezi Aziýa sebitiniň aram guşaklykdaky Ýewraziýa çölleriniň biodürlüligini gorap saklamaga we ekoulgam hyzmatlaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

Eýran Yslam Respublikasynyň demirgazygyndan Mongoliýa çenli ýaýylyp gidýän, Merkezi Aziýanyň giňişliklerini öz içine alýan çöl ekoulgamlary Ýewraziýanyň aram guşaklykdaky çölleri bolup durýar. Aram guşaklykdaky çöller yklymiçi çöller bolup, olaryň guraklygy dünýä ummanyndan daşda ýerleşýändikleri bilen düşündirilýär. Olar üçin aýdyň bildirýän möwsümler häsiýetli bolup, uzak dowam edýän gyşy aňzakly, tomsy bolsa jöwzalydyr. Ýylyň dowamynda düşýän ygalyň mukdary 100 millimetr bolup, howanyň temperaturasy gyşyna we tomsuna uly aratapawutlylykda üýtgeýär. Aram guşaklykdaky çölleriň 95 göterimi Merkezi Aziýanyň çäklerinde ýerleşýär.

Biziň ýurdumyzyň çöl meýdanlary, Garagum sähramyz tutuş dünýä üçin örän uly ähmiýetli tebigy baýlykly ýerlere degişlidir. Bu ýerler göçýän guşlar üçin migrasiýa döwründe dynç alyp geçmekleri, saýgak we demirgazykda ýaşaýan beýleki ençeme toýnakly haýwanlar üçin möhüm ýaşaýyş mekany bolup hyzmat edýär. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän bu meýdanlar köp sanly ekoulgam hyzmatlaryny hem ýerine ýetirýärler.

Garagum çöli dünýäniň sähralarynyň arasynda mynasyp orny eýeleýär. Onuň dag gerişlerine çalymdaş belent baýyrlyklary, eňňit depeleri, alaň çägelikleri, eliň aýasy ýaly tekiz takyrlyklary, taryhy ýadygärlikleri we tebigy baýlyklary, özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi göreni haýran edýär. Ata Watanymyzyň tebigatynyň owadan we täsin galdyrýan ýerleri örän köpdür. Häzirki wagtda olardan «Köýtendag» döwlet tebigy goraghanasynyň dag ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna girizmäge hödürlemek üçin degişli işler alnyp barylýar. Mähriban Watanymyzyň tebigat täsinliklerini öwrenmek, taryhy ýadygärliklerini we tebigy baýlyklaryny geljekki nesiller üçin aýap saklamak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ýokary hilli süýt önümleri
25.11.2024   39
Ykdysadyýet Ak pagta — milli baýlygymyz
12.09.2024   49
Ykdysadyýet Bol hasylyň binýady
09.10.2024   34
Ykdysadyýet Pagtaçy daýhanlaryň üstünligi
04.10.2024   37
Ykdysadyýet Telekeçilik ulgamynyň rowaçlyklary
22.07.2024   55
Ykdysadyýet «Ak altynda» hümmet bar
31.10.2024   32
Ykdysadyýet Harman barha beýgelýär
22.05.2024   62
image