Adamzadyň parahatçylyk ýörelgesi
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Adamzadyň parahatçylyk ýörelgesi

Jemgyýet
01.03.2025  396

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Diňe parahat ýurtda gülläp ösüşler ýar bolýar. Diňe parahat ýurtda ykballar şowlap, topragyň baýlyk-berekedi halkyň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilýär. Biziň döwlet Bitaraplygymyz halkymyzyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerinden ugur alýan düýpli taglymatdyr» diýen ýüregiňe jaý bolýan ajaýyp jümleler bar.

Onuň göwnejaýlygy ýurdumyzyň daşary syýasat babatdaky parahatçylyk söýüjilik ýörelgesiniň, merdana halkymyzyň abadan durmuş, dünýäniň parahatçylygy babatdaky dünýägaraýyşlarynyň, ýaşaýyş terziniň çeper şöhlelenmesinde bolsa gerek.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi dünýäde üçünji müňýyllygyň parahatçylyk we ynanyşmak taglymatyna öwrüldi. Täze taryhy döwürde döwletimiz dünýäniň syýasy giňişliginde Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan pikir-garaýyşlary, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. Döwletimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 30-a golaý Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa Türkmenistanyň daşary syýasatynyň halkara derejede uly ähmiýete eýe bolýandygyny äşgär edýär. Bu halkara syýasy üstünlikler öz gözbaşyny döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden alyp gaýdýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry ähmiýetli sene hökmünde taryha girdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, dünýäniň syýasy taryhynda täze taglymatyň binýady goýuldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde bu taryhy Kararnamanyň ikinji gezek kabul edilmegi häzirki döwrüň syýasy meselelerinde dünýä parahatçylygynyň has ileri tutulýandygyny alamatlandyrdy. Abraýly halkara guramanyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda geçen 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa türkmen Bitaraplygynyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, döwletlerdir halklaryň arasynda dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklary, ynanyşmagy berkitmegiň netijeli guralyna — syýasy taglymata öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Bütin dünýäde ýurdumyzyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň giňden dabaralandyrylmagy hemişelik Bitaraplygymyzyň uly goldawa eýe bolýandygyny alamatlandyrýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Köne güzer
11.02.2025   541
Jemgyýet «Awazada» guralan okuw maslahaty
04.03.2025   366
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
25.09.2024   461
Jemgyýet Üstünliklere beslenýän ulgam
07.10.2025   221
Jemgyýet Maňlaýa sylmaly mukaddeslikler
21.01.2025   362
Jemgyýet Watanymyzyň gymmatly ýörelgesi
31.10.2025   201
image